Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynda 5-nji orunda


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Daşary syýasat žurnaly – "Foreign Policy" hem-de Parahatçylyk fondy - "The Fund For Peace" tarapyndan bilelikde ýaýradylan we dünýäniň “Şowsuz ýurtlary” baradaky sanawyň ýaramaz diktatorlara bagyşlanan böleginde Berdimuhamedowyň ady 5-nji orunda goýulýar.

Agzalýan guramalar tarapyndan ýaýradylan we şeýle hasabatlaryň 6-njysy bolan raportda şu günki gün dünýäde 40 diktatoryň höküm sürýänligi we olaryň gol astynda 1.9 milliard adamyň ýaşaýanlygy aýdylýar.

Diktatorlaryň sanawynda Demirgazyk Koreýanyň prezidenti Kim Joň Il birinji orunda.

Sanawdaky ikinji ýerde Zimbabwanyň prezidenti Robert Mugabeniň, üçünji orunda Birmanyň ýolbaşçysy Tan Şweniň, dördünji orunda Sudanyň prezidenti Omar-al-Başiriň ady dur.

Hasabatda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ady 5-nji orunda. Onuň öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň repressiw syýasatyny dowam etdirýänligi aýdylýar.

Sanawda Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň ady 7-nji, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň ady 8-nji, Kubanyň ýolbaşçysy Raul Kastronyň ady 21-nji we Belarusyň prezidenti Lukaşenkanyň ady 22-nji orunda göze ilýär.
XS
SM
MD
LG