Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň daşary işler ministri Türkmenistana barýar


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki ýolbaşçysy Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Türkmenistana barýar.

Saudabaýew 23-24 iýunda Aşgabatda bolup, ol bu saparynyň dowamynda prezident G.Berdimuhammedow, daşary işler ministri Raşit Meredow we parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ilýas Omarow Saudabaýewiň Türkmenistana etjek sapary barada Azatlyk Radiosyna şeýle maglumat berdi: “Programma häzir tassyklanýar we oňa üýtgetmeleriň girizilmegi ähtimal. Häzirlikçe programmada graždan aktiwistleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulmaýar. Emma bu edil häzirki pursatdaky maglumat, saparyň gün tertibine üýtgetmeleriň girizilmegi adaty bir ýagdaý”.

Türkmenistana saparynyň çäginde, 24-nji iýunda, ÝHHG-niň baştutany Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew Merkezi Aziýa we Hazar regionynda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara konferensiýasyna hem gatnaşar.
XS
SM
MD
LG