Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Döwlet ýetginjek döwürlerinde biedep çagalardan däldi. Ejesiniň-kakasynyň, enesiniň-atasynyň, hatda özünden uly doganlarynyň-da diýenini ederdi. Özünden ululary sylaýardy, olaryň gepini diňleýärdi.

Onuň ýol urdurmasy talyp ýyllarynda başlanypdy. Talyplyk ýyllary ýaly hezil günler ýok. Baýramçylyklar, kursdaşlaryň doglan günleri yzly-yzyna gelip dur. Oturylyşyklar, içişlikler…

Birinji saparda Döwlede arak içmek kyn bolupdy. Bokurdagyny ýakyp giden ýürek bulaýjy suw oňa erbet täsir edipdi. Şonda ol «arak» diýen zady gaýdyp hiç wagt agzyna almajakdygyna öz-özüne söz beripdi. Ýöne ony öz gününe goýmandylar. Çar ýandan akja bulgurlar oňa tarap uzapdy. «Ýa-ha şuny iç, ýa-da menden geç!» diýen sözler häli-şindi gaýtalanýardy.

Bulgurlary oňa dostlary uzadýardy. Bileje okaýan dostlary, bileje bir otagda ýaşap, bir jamdan nahar iýýän dostlary, ýürek syrlaryny bileje paýlaşýan dostlary…Döwlet bir bulgur arak üçin ol dostlaryndan geçip biljek däldi. Aňyrsy hiç zat alman, ýüregi öňki iýen-içenlerini-de daşyna itip duran bolsa-da, Döwlet özüne uzaýan bulgurlary yzly-yzyna bokurdagyna guýýardy. Ýüreginiň kabul etmedik aragyny içmek Döwlet üçin kyn däldi. Ýöne dostdan geçmegi welin ol hiç wagt başarjak däldi.

Dostlaryndan geçse, onuň üçin dünýe düňderiljekdi. Dostsuz galsa, onuň dünýesi boşap galjakdy. Şonuň üçin Döwlet hiç wagt dostlarynyň göwnüne degmedi. Olardan geçmedi. Akja bulgurlary welin bokurdagyna eňterip goýbermegi ýuwaş-ýuwaş öwrendi. Hatda, soňabaka oňa ökdeledem. Ýokary okuw jaýyny tamamlaýança oňa dostlarynyň uzadýan bulgurlary azrak bolup başlady. Ol diläp alyp içip başlady. «Boldy, sen köp içdiň» diýseler-de, «Ýa-ha menden geç, ýa-da şuňa guý» diýip, bulguryny doldurdyp, içip başlady.

Talyplyk ýyllary tamamlanyp, Döwlet işe ýollandy. Ýagdaý üýtgese-de, öwrenilen endik üýtgemedi. Tanyş-bilişleriniň toýuna barsa-da, baýramçylyklar bellenende-de, Döwlediň gözüne ilýän zat ilkinji nobatda bulgurlardy. Soňy bilen ol aýak üstünde durup bilmez derejede içip başlady. Aýdylmadyk toýlaryna-da gidýärdi. Toý tapmadyk güni öýünde içip başlady. Soňabaka bar aýlygyny içgä sowurdy. Gijelerine içip, irden işine ýaramaýany üçin işinden käýinç alýardy.

Ejesi bilen aýaly gözlerini ýaşlap, oňa beýle köp içmezligi sargaýardylar. Kakasy bilen atasy haýbat atyp, käýinýärdi.

Dostlar bolsa birsyhly oturylyşyklara, toýlara çagyrýardy. «Ýa-ha şuny iç, ýa-da menden geç!» diýen jümleleriň soňy üzülenokdy. Indi ol jümleler Döwlede lezzet berýärdi. Ejesidir aýalynyň gözi ýaşly ýalbarmalary-da, kakasydyr atasynyň haýbat atmalary-da Döwledi akja bulgurlardan ara açdyryp bilmedi. Ýöne ol ahyr bir gün öňki içen günlerine-de puşman etdi, dostlarynyň sözüni ýere çalmanyna-da puşman etdi, gaýdyp hiç wagt içmejekdigine-de öz-özüne söz berdi. Emma şol gün eýýäm ähli zat giçdi. Bagtly günler yzda galypdy. Ol yzmaz keseline sataşypdy. Aşa arak içilmeden onuň gan basyşy has güýçlenip, ýarty göwresini gymyldap bilmez derejä ýetiripdi.

Dilem gymyldanokdy. Ol eşidýärdi. Ýöne gepläbem bilenokdy, bir tarapynyň el-aýagyny gymyldadybam bilenokdy.

Doktorlaryň däri-dermanynyň güýji bilen Döwlet hassanyň düşeginde gözüni depesine dikip, üç ýyl ýatdy. Ol ejesidir aýalyna, kakasydyr atasyna indi hiç wagt arak içmejekdigini, öňki içenleri üçinem puşman edýändigini aýtmak isleýärdi. Ýöne üç ýylda-da bu sözleri aýtmak üçin onuň dili aýlanmady. Şeýdip, üç ýyl ýatansoň, Döwlet aradan çykdy.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG