Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da federal sudýa hökümetiň moratoriýasyny togtatdy


ABŞ-nyň Täze Orlean şäherinde federal sudýa Meksikan aýlagynda çuňdan burawlamak işine hökümetiň girizen alty aýlyk moratoriýasynyň hereketini togtatdy.

Sudýa Martin Feldmanyň kararynda “moratoriýa girizmek üçin Içeri işler departamenti ynandyryjy deliller getirmedi” diýilýär.

Sudýanyň kararyny Amerikan hökümetiniň eglenmezden şikaýat etjekdigini Ak Tamyň wekili Robert Gibbs aýtdy.

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasy aýlagda äpet nebit tegmilleri peýda bolan badyna burawlaýyş işlerine gadaganlyk girizipdi.
XS
SM
MD
LG