Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan generaly MakKristal Waşingtona çagyryldy


Owganystandaky halkara koalision goşunlaryň serkerdesi amerikan generaly Stenli Makkristal Rolling Stone žurnalynda çap edilen makala bilen bagly Waşingtona çagyryldy. General birnäçe amerikan resmisiniň adresine tankydy bellikler aýtdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýts MakKristalyň pikir aýtmalaryny “uly ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy hem-de ýüzbe-ýüz gürrüň üçin Waşingtona gelmäge buýruk berdi.

Ak Tamyň wekili Robert Gibbs jurnalistlere şeýle diýdi: “Goranmak ministri Geýtsiňem belleýşi ýaly, general MakKristal, gürrüňsiz, gaty uly ýalňyşlyk goýberdi. Şol ýalňyşy general çarşenbe güni Pentagonda resmi adamlar bilenem, ýokary baş komanduýuşiý bilenem maslahat edip biler”.

Owganystandaky koalision güýçleriň serkerdesi, hususan-da, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden barada tankydy pikirler aýtdy. Baýden MakKristalyň owgan konfliktindäki strategiýasyna şübheli garaýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama generaly işden boşatmak meselesine seretmezden ozal hut onuň özüni diňlemekçidigini aýtdy.

Rolling Stone neşiriniň maglumatyna görä, MakKristal hem onuň kömekçileri ABŞ-nyň Owganystandaky syýasy ugruna tankydy garaýyşlaryny Barak Obamanyň dykgatyna ýetirmekçi.

General eýýäm resmilerden ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG