Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Zöhre-Tahyr” operasynyň premýerasy bolar


Türkmenistanda bellenýän medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlap, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täzeden dikeldilen “Zöhre-Tahyr” operasynyň premýerasy bolar.

Kompozitor Adrian Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr” operasy ilkinji gezek 1941-nji ýylyň 6-nji noýabrynda, uruş gidip durka görkezilipdi. Şol günden türkmen döwlet opera-balet teatry öz ömür ýoluna gadam basypdy.

2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni 27-nji iýunda bellenýär.

Nyýazow tarapyndan gadagan edilen opera-balet teatry şol gün ikinji gezek dünýä indi.
XS
SM
MD
LG