Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lenarçiç: “Aşgabat tekliplerimizi gowy garşylady"


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň ýolbaşçysy Ýanez Lenarçiç (çepde) Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen, Aşgabat, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň ýolbaşçysy Ýanez Lenarçiç (çepde) Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen, Aşgabat, 17-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň ýolbaşçysy Ýanez Lenarçiç geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanda resmi saparda boldy.

Lenarçiç bu saparynyň dowamynda beýleki hökümet wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow we Mejlisiň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa bilen hem duşuşdy. Jenap Lenarçiç şol saparynyň barşynda Aşgabadyň adam hukuklary boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen has köp hyzmatdaşlyk etmäge razylyk berendigini tassyklap, çykyş etdi.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir jenap Ýanez Lenarçiç bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde Türkmenistana sapar edýän daşary ýurt wekilleriniň sany artdy, olar, hususanam, adam hukuklary bilen bagly edaralaryň resmileridir. Ýakynda Türkmenistana sapar eden ýolbaşçylardan biri hem Siz, bu ugurda Aşgabatda nämedir bir täzelik barmy?


Ilçi Ýanez Lenarçiç
Ýanez Lenanrçiç:
Men Türkmenistana resmi sapar bilen baran delegasiýalaryň arasynda haýsydyr bir ilteşik bardyr öýdemok. Biz bu sapary öň planlaşdyrypdyk. Bu sapar beýleki delegasiýalaryň saparlary bilen baglanşykly planlaşdyrylmandy.

Hawa, siziň aýdýanyňyz dogry, soňky döwürlerde Türkmenistana ençeme daşary ýurt wekilleri bardy, men munuň sebäbi barada diňe öz pikirimi aýdyp biljek. Meniň pikirimçe, Aşgabada edilýän bu saparlaryň artmagynyň sebäbi türkmen wekilleri tarapyndan halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikler geçirmek boýunça islegiň artmagy bilen bagly.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda Türkmenistana baranyňyzda, Aşgabadyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga razy bolanlygyny aýtdyňyz. Eýse, Türkmenistan nämä razylyk berdi, bu barada takyk maglumat berip biljekmi?


Ýanez Lenarçiç: Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň roly bu gurama agza ýurtlara kömek etmekden ybarat. Biziň edip biläýjek işimiz – olara ýardam bermek. Aşgabatda biz bu ugurdan öz kömegimizi teklip etdik. Türkmenistanyň hökümet wekilleri biziň tekliplerimizi gowy garşy aldylar. Biz saýlawlary geçirmek, graždan jemgyýetçiligi, hökümete degişli bolmadyk guramalar baradaky kanunlary ösdürmek we adam hukuklary boýunça okuw programmasyndan ybarat ençeme takyk teklipleri hödürledik. Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary olaryň ählisini gowy garşyladylar. Onsoň olaryň biz bilen gatnaşyk gurmaga isleginiň bardygyny aýtmaga esas döreýär we biz bu ädime gowy baha berýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz adam hukuklary barada Aşgabada hödürlän teklibiňiz hakda jikme-jik maglumat berip biljekmi? Meselem, has takygrak aýdylanda, şol tekliplerde näme hakda gürrüň edilýär?

Ýanez Lenarçiç: Adam hukuklary boýunça okuw programmasy boýunça hödürlän teklibimiz bu ugurda gazanylan gowy tejribelerden ybarat maglumatlary öz içine alýar. Bu teklip biziň edaramyzyň BMG we Ýewropa Geňeşi bilen bilelikde özleşdiren proýektlerini öz içine alýar. Bu maglumat şu ýylyň dowamynda rus dilinde hem çap ediler. Proýektiň rus dilinde çap ediljek nusgasy Türkmenistanyň hökümet resmilerine hödürlener, bu barada Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylaryny öňünden habarly etdik.

Bilişiňiz ýaly, Türkmenistanyň hökümeti soňky döwürlerde bilim pudagyny ösdürmek barada tagalla edýär. Diýmek, bu maglumatdan geçirilýän reformanyň çäginde hem peýdalanyp bolar. Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary biziň agzan tekliplerimize oňyn garaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Hödürlän proýektleriňiz bilen bagly siz türkmen ýolbaşçylaryndan haçan jogaba garaşýarsyňyz hem-de bu ugurlarda haçandan başlap, oňyn özgerişikliklere garaşyp bolar?

Ýanez Lenarçiç: Olardan käbirleri uzak möhletli proýektler, emma olaryň tomus sowulmanka taýynlanyp amala aşyrylyp başlanmagyna, şeýle-de bu tagallanyň tutuş bir ýyl dowam etmegine garaşýarys. Emma bu çäreleriň ählisi programmalary amala aşyrmak boýunça gelnen ylalaşyklara bagly. Ýöne biz bu proýektleri amala aşyrmak işine tiz girişmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Siz bu proýektleriň netijeli bolup-bolmanlygyny nähili barlamakçy?

Ýanez Lenarçiç: Bu proýektleri durmuşa ornaşdyrmak işi gurama agza ýurtlara degişli, ýagny häzirki ýagdaýda bu programmany amala aşyrmak işi Türkmenistana degişli. Biziň jogapkärçiligimiz olara kömegimizi teklip etmek, bu ugurdaky terjribelerimizi olar bilen paýlaşmak we bu barada beýleki gowy praktikalary olara hödürlemekden ybarat.

Olardan nähili we näderejede peýdalanyldy, näçerägi durmuşa ornaşdyryldy, muny anyklamak biziň wezipämiz däl, bu ýerli hökümet ýolbaşçylarynyň ygtyýarynda. Möhüm zat, Türkmenistanyň hökümet wekilleriniň şeýle teklipleri kabul etmäge razylyk bildirmegi, biziň bilen bu ugurda işleşmäge taýýardygyny aýtmagy. Meniň pikirimçe, bu höweslendiriji ýagdaý.

Azatlyk Radiosy: Onda siz türkmen ýolbaşçylarynyň diňe siziň teklipleriňize görkezen gowy reaksiýasy bilen kanagatlanjakmy? Ýagny, şu teklipleriňiziň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sizi gyzyklandyranokmy?

Ýanez Lenarçiç: Elbetde, elbetde, gyzyklandyrýar, bu tagallalaryň esasy maksady hem teklipleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Emma, size aýtjak bolýanym, adam hukuklary boýunça jogapkärçiligi durmuşa ornaşdyrmak işi bize däl, Türkmenistanyň özüne degişli mesele.

Bu islendik ýurduň hökümetiniň etmeli işi. Biz bu teklipleri olar bilen bilelikde amala aşyrmaýarys. Biz olara kömek edýäris. Biz olara bu ugurdaky tejribelerimizi we beýleki ýurtlaryň tejribelerini teklip edýäris. Emma bu tekliplerden peýdalanyldymy, eger peýdalanylan bolsa, nädereje-de, haçan we nähili peýdalanyldy diýlen mesele proýekt teklip edilen hökümetleriň ýolbaşçylaryna degişli.

Azatlyk Radiosy: Eger ýalňyşmaýan bolsam, Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary halkara jemgyýetçiliginiň hyzmatdaşlyk barada edýän tekliplerini hiç haçanam çürt-kesik ret edenok, emma şol bir wagtyň özünde-de hödürlenen teklipleriň aglabasy durmuşa ornaşdyrylmaýar. Netijede siziň teklibiňiziň amala aşyryljakdygyna nähili ynam edip bolar?


Ýanez Lenarçiç: Bu teklipleriň we proýektleriň garşy alnyş äheňi bizi höweslendirýär. Şeýle-de türkmen ýolbaşçylarynyň biziň bilen işleşmäge isleg bildirmegi mende bu tagallalaryň anyk netije berjekdigine umyt döredýär.

Biz, elbetde, bu ugurda işimizi dowam ederis, emma şol bir wagtyň özünde-de bu tekliplerden näderejede peýdalanylanlygy baradaky mesele Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylaryna degişli zat.

Azatlyk Radiosy: Siziň Aşgabatda geçiren duşuşyklaryňyzyň dowamynda ýurtda graždan we oppozisiýa aktiwistleriniň iş alyp barmagyna rugsat edilmezligi baradaky meseläni hem gozgamaga pursatyňyz boldumy?


Ýanez Lenarçiç: Graždan jemgyýeti bilen bagly kanun taslamasy hakda pikir alyşdyk. Biz islendik ýurtda demokratiýanyň ösmegi üçin graždan jemgyýetiniň rolunyň gaty möhümdigini olara ýatlatdyk. Graždan jemgyýeti baradaky kanun taslamasy bilen bagly hökümet ýolbaşçylaryna hödürlän teklibimiz Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan gowy garşylandy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bolanyňyzda, özüňiz graždan we oppozisiýa aktiwistleri bilen duşuşyp, olaryň pozisiýasy bilen tanyş bolmaga synanyşdyňyzmy?

Ýanez Lenarçiç: Men Türkmenistanda resmi taýdan sanawa alnan we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň käbirleriniň wekilleri bilen duşuşdym. Gürrüňimiz gaty gyzykly boldy, biz olaryň mümkinçilikleri we işleri barada pikir alyşdyk. Elbetde, olaryň işi ýeňil däl, bu ugurda hökümet tarapyndan edilmeli iş gaty köp.

Graždan jemgyýetçiligi bilen bagly kanunyň taslamasy hakda türkmen ýolbaşçylaryna teklip hödürlemegimiziň maksady hem olaryň iş alyp barmagy üçin amatly şertler döretmekden ybarat.

Azatlyk Radiosy: Syýasy bendileriň ýagdaýlary hem-de halkara ekspertlerine türmelere baryp görmäge rugsat edilmegi baradaky talaplara-da Aşgabat boýun bolman gelýär. Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen geçiren duşuşyklaryňyzda bu meseläni hem gozgadyňyzmy?


Ýanez Lenarçiç: Bu mesele hakda men ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary bilen pikir alyşdym. Olar türmeleri reformalaşdyrmak meseleleri barada gaty içgin iş alyp barýarlar.

Bu proses dowam edýär. Elbetde, bu ugurda netije gazanmak üçin wagt gerek. Emma bu mesele ÝHHG-niň gün tertibinde hemişelik duran temalardan biridir.
XS
SM
MD
LG