Sepleriň elýeterliligi

Etniki özbekleriň müňlerçesi Gyrgyzystana dolanýar


23-nji iýunda 46 müň bosgun Özbegistandan Gyrgyzystana dolanyp barypdyr.

23-nji iýunda 46 müň bosgun Özbegistandan Gyrgyzystana dolanyp barypdyr.

Gyrgyz resmileriniň beren maglumatlaryna görä, Özbegistanda bosgunlar lagerlerinde ýerleşdirilen müňlerçe özbekler Gyrgyzystana gaýdyp barýarlar. Emma referenduma taýýarlyk görülýän häzirki döwürde bu regionda dartgynly ýagdaýyň saklanýandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary Çolponbek Turusbekowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, şu gün, 23-nji iýunda, 46 müň bosgun Özbegistandan Gyrgyzystana dolanyp barypdyr. Geçen 24 sagadyň dowamynda, ozal hem 10 müň bosgun Gyrgyzystana dolanypdyr.

Gyrgyzystanyň günortasynda bolan bidüzgünçiliklerden soň, 100 müňe golaý etniki özbegiň ýurtdan çykandygy çaklanylýar. Öň bu wakalarda heläk bolan adamlaryň sany 251-e golaý diýlen bolsa, Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa öldürilen adamlaryň sanynyň 2000-e ýetmeginiň mümkindigini çaklady.

Gyrgyzystana gaýdyp baran bosgunlaryň sanyny häzirlikçe garaşsyz çeşmeler arkaly anyklamak başartmasa-da, Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça Özbegistandaky wekili Nataliýa Prokopçik bosgunlaryň köpüsiniň çaknyşyk döwründe terk etmäge mejbur bolan öýlerine dolananýandyklaryny tassyklady.

Oşdaky öýüne gaýdyp barýanlaryň biri bosgun zenan Minura Waliýewa bu ýagdaý barada “Reuters” habar agentligine “Biz gam-hasrat bilen dolanyp gelýäris. Biz bu wakalaryň gaýtalanmagyndan gorkýarys. Bu zatlary hiç kim başdan geçirmäwersin” diýdi. Onuň sözlerine görä, ol öz taşlap gaýdan öýüniň nähili ýagdaýdadygyny bilenok.

Wada berilýär

Özbegistandaky bosgunlar lagerine sapar eden Jelalabat welaýatynyň häkimi Bektur Asanow Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz bölümine beren interwýusynda müňlerçe bosgunyň Oş hem Jelalabat şäherlerine tarap ýola düşendiklerini gürrüň berdi. Şeýle hem häkim bosgunlar lagerinde galan Jelalabat regionyndan 10 müň bosgunyň geljekki birki günde öýlerine gaýdyp barjakdyklaryny, bu meselede özleriniň bosgunlara ýardam berjekdiklerini tassyklady.

“Men Jelalabat şäheriniň häkimi hökmünde, nesip bolsa, hemme zat gowy bolar diýip, söz berýärin. Hiç bir prowakasion beýannamalara ynanmaň” diýip, häkim öýleri otlanan adamlaryň hemmesine maliýe kömeginiň beriljekdigini aýtdy.

“Jelalabatda häzir 500 tonna golaý azyk harydymyz bar. Biz olary gaýdyp gelen bosgunlara paýlarys. Öýleri weýran edilenleri çadyr hem ýorgan-düşek bilen üpjün ederis. Geljekki hepdeden başlap, gurluşyk materiallaryny hem maliýe serişdelerini berip başlarys” diýip, Jelalabat welaýatynyň häkimi Bektur Asanow bosgunlary ynandyrdy.

Etniki özbek bosgunlarynyň gaýdyp gelmegi, onsuz-da ýiti maliýe kynçylygyny başdan geçirýän gyrgyz häkimiýetiniň gurluşyklara has köp möçberde serişde sarp etmeli boljakdygyny aňladýar.

10-njy iýunda ýüze çykan etniki çaknyşyklar Gyrgyzystanyň günortasyny ysmaz etdi. BMG-niň ynsanperwerlik kömegi boýunça işleri sazlaşdyrýan bölüminiň metbugat sekretary Elizabet Byrs bu regionlarda dowam edýän dartgynlygyň ynsanperwerlik kömegi zerur ýerine ýetirmek boýunça işleri kynlaşdyrýandygyny aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri bu çaknyşyklary gurnanlary tapmak üçin barlag reýdlerini geçirdiler. Reýdiň dowamynda, 21-nji iýunda, iki adamynyň öldürilip, 23 adamynyň-da ýaralanandygy habar berildi. Bu barlaglaryň netijesinde ok-ýaraglar, tüpeňleriň dürli görnüşleri, partlaýjy maddalar ele salnypdyr.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Keneşbek Duýşenbaýew 22-nji iýunda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda käbir raýonlarda hem aýry-aýry köçelerde henize çenli-de barrikadalaryň bardygyny aýdyp, öz geçirýän barlag reýdleriniň barşynda köçeleri barrikadalardan arassalamaga mejbur bolýandyklaryny aýtdy.

Käbir adamlar 27-nji iýuna planlaşdyrylan referendum geçirilende gaýtadan biduzgünçilikleriň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar. Bu referenduma köp adamyň gatnaşyp bilmejekdigini aýdýanlaram az däl.

Howpsuzlyk meselesi zerarly ÝHHG-e öz synçylaryny bu referenduma iberip bilmejekdigini öňünden habar berdi diýip, Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw kommissiýasynyň agzasy Galiýa Alimbekowa mälim etdi. Ol, şeýle-de bolsa, bu guramanyň hemişelik wekillerinden 36-synyň referenduma görülýan taýýarlyklara syn edýändigini, mundan başga-da, referenduma gabatlap, Gyrgyzystana daşary ýurtlardan 100-e golaý synçynyň gelmekçidigini köpçüligiň dykgatyna ýetirdi.

Gyrgyz resmileri ýurtdaky dartgynlygy köşeşdirmek maksady bilen ozaldan planlaşdyrylan parlament saýlawlaryny bellenilen möhletinden bir aý öň geçirmäge synanyşýandyklaryny mälim etdiler. Wagytlaýyn hökümetiň baştutanynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew “Häkimiýetiň kanuny organlary mümkin boldugyça gijikdirilmän düzülmelidir” diýip, bu barada eden çykyşynda nygtady.
XS
SM
MD
LG