Sepleriň elýeterliligi

logo-print

General MakKristal wezipesinden boşadyldy


Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby ýolbaşçysy Stanleý General MakKristal Ak Tama geldi, 23-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby ýolbaşçysy Stanleý General MakKristal Ak Tama geldi, 23-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky harby ýolbaşçysy general Stanleý MakKristal wezipesinden çekildi. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu wezipä general Deýwid Petreusy belledi.

Obama çarşenbe güni MakKristal bilen Ak Tamda duşuşanyndan soň telewideniýede çykyş edip: “Şu gün general Stanleý MakKristalyň Owganystandaky Halkara howpsuzlyk güýçleriniň serkerdesi wezipesinden çekilmegine razylyk berdim” diýdi.

“Men bu karary uly gynanç bilen kabul edýärin. Emma şol bir wagtyň özünde Owganystandaky missiýamyz, harby güýçlerimiz we biziň ýurdumyz üçin munuň dogry karardygyna doly ynanýaryn” diýip, prezident Barak Obama aýtdy.

MakKristal Obamanyň administrasiýasyna eden tankydy bellikleri üçin ötünç sorady. “Rolling Stone” žurnalynyň 25-nji iýunda çykmaly sanynda ýerleşdirilen "The Runaway General" atly bir makalada MakKristal Obamanyň administrasiýasy barada tankydy gürrüňler edýär. Makala internetde 22-nji iýunda çap edildi.

Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý MakKristaly kowmak barada Obamanyň alan kararyna “hormat goýýandygyny” aýtdy, emma mundan öň ol şeýle kararyň Owganystanda dokuz ýyl bäri dowam edýän uruşdaky öňegidişligi duruzjakdygyny aýdypdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky harby ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Deýwid Petreus häzirki wagtda ABŞ-nyň Merkezi kommandowaniýesiniň ýolbaşçysy. Bu edara Ýakyn Gündogardaky, şol sanda Yrakdaky we Owganystandaky harby operasiýalara hem gözegçilik edýär.

General ötünç sorady

“Rolling Stone” žurnalynyň anna güni çykmaly sanynda ýerleşdirilen bir makalada MakKristal özüniň Owganystan konflikti baradaky strategiýasyna şübheli garaýan wise-prezident Jo Baýden barada tankydy gürrüňler edýär.

Bular ýaly bellikler Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi Karl Eikenberry, ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Riçard Holbrýuk, milli howpsyzlyk boýunça geňeşçi Jeýms Jones barada-da bar.

General bir ýerde hem žurnliste ilkinji gezek prezident Barak Obama bilen duşuşanda prezidentiň bu duşuşyga taýýarlyksyz gelendigini aýdýar. MakKristal: “Bu nädogry berlen bahalara esaslanýan ýalňyşlyk, beýle bolmaly däldi” diýip ötünç sorapdy.

Ýöne žurnalyň ýerine ýetiriji redaktory generalyň bu makalany, onuň içinde özünden getirilýän sitatalary çap bolmazdan öň okandygyny, nädogry diýip garşy çykan ýeriniň bolmanlygyny aýdýar.

Ýeke-täk urgy däl

General MakKristal baradaky waka Owganystanda barýan halkara tagallalaryna soňky birki günlükde urlan ýeke-täk urgy däl.

Duşenbe güni NATO-nyň 10 esgeriniň Owganystanda pitneçiler tarapyndan öldürilendigi habar berildi. Bu esgerleriň bäşisi amerikaly, üçüsi awstraliýaly, biri kanadaly. Şeýlelikde, NATO-nyň üstümizdäki aý Owganystanda ölen esgerleriniň sany 65-e bardy. Üstümizdäki ýyl ölenleriň sany hem häzir 285.

Bu aralykda Britaniýanyň Goranmak ministrligi üstümizdäki aýyň başlarynda Helmand welaýatynda ýaralanan bir esgeriň ýekşenbe güni keselhanada aradan çykandygyny habar berdi. 2001-njy ýylda Owganystanda başlanan operasiýalarda ölen britan esgerleriniň sany şeýdip 300-e ýetdi.

Bu habardan soň premýer-ministr Deýwid Kameron Owganystan öz howpsuzlygyny özi gorar ýaly ýagdaýa ýeten badyna britan esgerleriniň ol ýerden çekiljekdigini aýtdy.

“Biz öz ýurdumyzy howpsuz saklamak, dünýäni howpsuz ýere öwürmek üçin uly baha töleýäris. ‘Biz näme üçin ol ýerde, haçana çenli ol ýerde bolmaly’ diýip özümize sorag bermegiň yzyny üzmeli däl. Biz ol ýerde, sebäbi owganlar öz ýurduny gorarlyk, terroristleri we terroristleriň türgenleşik lagerlerini ýurtdan çykararlyk ýagdaýda däl. Hakykat ine şu. Biziň ol ýerde bolmagymyzyň sebäbi şol. Olaryň howpsuzlygy öz ellerine alan güni - biziň ýurtdan çykjak günümiz” diýip Kameron aýtdy.
XS
SM
MD
LG