Sepleriň elýeterliligi

BMG: Dünýä möçberinde neşe boýunça hasabat - 2010


Owganystanyň Nangarhar welaýatynda öndürilýän göknar, 2003-nji ýyl.

Owganystanyň Nangarhar welaýatynda öndürilýän göknar, 2003-nji ýyl.

Birleşen Milletler Guramasy dünýä möçberinde neşe boýunça 2010-njy ýyla degişli hasabaty çap etdi.

23-nji iýunda köpçüligiň dykgatyna ýetirilen hasabata görä, dünýäniň esasy neşe öndürijisi Owganystan neşe serişdelerini iň köp ulanyjy ýurtlaryň biridir.

Dünýädäki öndürilýän tirýegiň 7%-i Owganystanyň özünde ulanylýar. Neşe önümi bolan tirýegiň esasy böleginiň, ýagny 60%-niň söwda bazaryny Eýran, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilelikde emele getirýärler. Bu barada BMG-niň 23-nji iýunda ýaýradan “Neşe boýunça 2010-njy ýyla degişli dünýä derejesindäki hasabatynda” aýdylýar.

BMG-niň hasabatynda neşe bilen baglylykda iň uly alada döredýän döwletleriň sanawyna Owganystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Bosniýa-Gersegowina, Horwatiýa, Gürjüstan, Eýran, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Makedoniýa, Moldowa, Çernogoriýa, Pakistan, Orsýet, Özbegistan, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Ukraina girýärler.

Owganystan bilen goňşy Merkezi Aziýa döwletlerinden Türkmenistan soňky döwürde bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş çärelerini güýçlendirdi. Häzirki wagtda ýurtda neşä garşy “Göknar-2010” ady bilen milli programma amala aşyrylýar, hususan-da, ele salnan neşe maddalaryny köpçüligiň öňünde otlamak aksiýalary geçirlýär.

Ýurtda neşekeşligiň öňüni almak boýunça profilaktiki çäreleriň geçirilýänligi, hususan-da, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik guramalary we ýerli häkimiýet wekilleri tarapyndan duşuşyklaryň we düşündiriş işleriniň alnyp barylýanlygy türkmen metbugatynda habar berilýär.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Nurgeldi ýaşaýan şäherinde neşe söwdasynyň möçberiniň azalanlygyny, neşe söwdasyna baş goşan kanuny goraýjy işgärleriň ele salynýanlygyny gürrüň berdi, emma neşekeşligiň öňüni almak boýunça profilaktiki çäreleriň geçirilmeýänligini atdy.

BMG-niň Türkmenistandaky programmalary

Häzirki wagtda BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň Türkmenistanda neşekeşligi bejermek we WIÇ/AIDS-iň öňüni almak boýunça iki proýekti amala aşyrylýar. 2009-njy ýyldan bäri neşekeşleri bejermäge we olaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilýän “Treatnet” programmasy we 2007-nji ýyldan bäri WIÇ/AIDS-e garşy programma durmuşa geçirilýär.

BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň Merkezi Aziýa regiony boýunça proýektleriniň koordinatory Nina Kerimi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda soňky döwürde türkmen hökümeti neşe problemasyna garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyna öňküsine garanda has uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Nina Keriminiň sözlerine görä, BMG-niň neşä we jenaýatrçylyga garşy edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň çäginde häzirki wagtda, husususan-da, neşekeşleri bejermek we olaryň saglygyny dikeltmek boýunça guramalary döretmek hem-de olaryň işini kesgitlemek konsepsiýasynyň üstünde işlenilýär.
Lukmanlaryň bilimini we tejribelerini artdyrmak, narkodispanserleriň işini kämilleşdirmek barada gürrüň gidýär


“Esasanam lukmanlaryň bilimini we tejribelerini artdyrmak, ýurduň narkodispanserleriniň işini täzelemek we kämilleşdirmek barada gürrüň gidýär” diýip, BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň Merkezi Aziýa regiony boýunça proýektleriniň koordinatory Nina Kerimi aýdýar.

BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň alyp barýan programmalary, neşekeşligi bejermek ugrunda ösen döwletlerde giňden ulanylýan, emma merkezi Aziýa regionynda indi girizilýän usullaryň ulanylmagyna, ýagny neşekeşligi derman bilen bejermek we ruhy hem sosial taýdan ýardam bermek ýollaryny göz öňünde tutýar.

Nina Kerimiň sözlerine görä, BMG-niň neşä garşy we WIÇ/AIDS-e garşy göreş boýunça programmalary ilkinji nobatda adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, ylmy taýdan delillendirilen usullaryň ulanylmagyna we iş ýüzünde netije berýän usullardan peýdalanylmagyna esaslanýar.

Şertler we sanlar


Türkmenistanly Nurgeldi ýurtda neşekeşlikden gutulmak isleýänler üçin narko-dispanserlerine ýüz tutmagyň ýeke-täk mümkinçilikdigini aýtdy. Onuň pikirine görä, ýurtda neşekeşlere ýigrenç bilen garalmagy, olaryň köplenç zor bilen bejerilmegi neşekeleriň ýörite edaralara açyk ýüz tutmagyna we bejerilmegine zyýan ýetirýär.

BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň resmi internet saýtynda çap edilen maglumatlarda Türkmenistanda hasaba alnan neşekeşleriň sany barada 2008-nji ýyla degişli görkezijilere görä, bu san 33 müň 697 adam diýlip görkezilýär.

BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy edarasynyň wekili Nina Keriminiň sözlerine görä, BMG-niň çap edýän sanlary Türkmenistanyň hökümetiniň berýän resmi maglumatlaryna esaslanýar. Nina Kerimi Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda ýurtda WIÇ/AIDS bilen kesellänleriň ýokdugy aýdylýar diýýär.

Ilatyň saglygyna degişli sanlaryň ýöredilmegi we köpçülige ýetirilmegi islendik problemadan çykalga tapmak üçin zerur şert bolup durýar. BMG-niň wekiliniň sözlerine görä, statistikanyň ýöredilmegi ilkinji nobatda medisina hyzmatlarynyň rasional we kadaly planlaşdyrylmagy üçin hem zerur.

Merkezi Aziýada we Russia Federasiýasynda geroiniň sarp edilişiniň görkezijileri, 2010-njy ýyl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG