Sepleriň elýeterliligi

Gämi obasynda täze medeniýet köşgi gurlar


Myratberdi Sopyýew

Myratberdi Sopyýew

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda G.Berdimuhamedow Baharly etrabyndaky «Ýyly suw» şypahanasynda Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň taslamalary bilen tanyşdy.

Ýurduň prezidenti welaýat häkimliginiň täze binasynyň, umumybilim berýän orta mekdebiň we sungat mekdebiniň, çagalar bagynyň, kitaphananyň, sport toplumynyň, stadionyň taslamalaryna, şeýle hem 3,4,7,9 we 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de iki gatly kottejleriň gurluşyklarynyň taslamalaryna, şeýle-de Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet köşgüniň taslamasyna garady.

Gahryman medeniýet köşksüz galdyrylmady

Ýurduň prezidentiniň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet köşgüniň taslamasyna garamagy ýöne ýerden däl.

Şu ýylyň 6-njy iýunynda Gämi obasynyň medeniýet köşgi tutuşlygyna ot alypdy. Türkmenistanyň gahrymany Myratberdi Sopyýew bilen bagly wakalar köplenç habar beriş serişdelerinde beýan edilýän bolsa-da, onuň adyny göterýän daýhan birleşigindäki medeniýet köşgüniň ýanyp kül bolmagy baradaky habar resmi ýagdaýda mälim edilmedi.

Gämi obasynyň ilatynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, medeniýet köşgi agşam sagat sekizden soň ýanyp başlapdyr. Etrabyň ýangyn söndüriji maşynlarynyň tutaşan ody söndürmäge güýji ýetmänsoň, paýtagtdan birnäçe ýangyn söndüriji maşynlaryň kömege gelendigi barada aýdylýar.

Medeniýet köşgüniň ot almagyna elektrik togunyň sebäp bolandygy öňe sürülýär. Onuň ot alşynda adam pidalarynyň bolmandygy barada hem aýdylýar.

Bolan waka ýurduň prezidentine ýetirilensoň, Berdimuhamedow Türkmenistanyň gahrymany Myratberdi Sopyýewe bu meselede gynanmazlygyny, ot alan medeniýet köşgüniň deregine täzesini gurup berjekdigini jaň edip wada berendigi hakynda gürrüň berildi.

Baharly etrabyndaky «Ýyly suw» şypahanasynda Berdimuhamedowyň Gämi obasyndaky Medeniýet köşgüniň taslamasyna hem garamagy, ýurt baştutanynyň Türkmenistanyň gahrymanyna beren wadasynda tapylandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda öňki medeniýet köşgüniň ornunda hiç zat galmady. Ýanyp, kül bolan medeniýet köşgi buldozerleriň kömegi bilen doly tekizlendi.

Gämi obasynyň medeniýet köşgi

Gämi obasynyň ozalky medeniýet köşgi Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýärdi. Juda ir döwürde gurlan bu kluba soňky döwürde medeniýet köşgi diýip at berip başlapdylar.

Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýewiň daýhan birleşiginde ýerleşeni üçin bu medeniýet köşgüne ilat arasynda Myratberdi Sopyýewiň kluby hem diýýärdiler.

Bäş ýüzden gowrak tomaşaçy ýerleşýän bu medeniýet köşgünde diňe bir Ak bugdaý etrabynyň derejesinde däl, eýsem welaýat derejesinde guralýan uly-uly medeni hem syýasy çäreler geçirilerdi.

2007-nji ýylda ýurduň prezidentligine bolan saýlawlarda prezidentlige kandidatlaryň ählisi Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary bilen duşuşyklaryny hut Gämi obasynyň ozalky medeniýet köşgünde geçiripdiler.

Bu medeniýet köşgi möçberi boýunça Ahal welaýatynda Ruhabat etrabyndaky täze gurlan medeniýet köşgünden soň ikinji orny eýeleýärdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG