Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: “Gyrgyzystana halkara polisiýa güýçleri iberilmeli”


ÝHHG Gyrgyzystanyň günortasyndaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin regiona halkara polisiýa güýçleriniň iberilmegine çagyryş etdi.

ÝHHG-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Kimmo Kiljunen çarşenbe güni Bişkekde eden çykyşynda regiona 100-e golaý howpsuzlyk işgärleriniň iberilmeginiň bosgunlaryň parahat ýagdaýda yzlaryna dolanmagyna ýardam etjekdigini belledi.

ÝHHG-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Kimmo Kiljunen bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Gyrgyzystanly resmiler 10-njy iýunda başlan çaknyşyklardan soň regiony terk edip Özbegistana geçen bosgunlardan 35 müň töwereginiň yzyna dolananlygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG