Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Orsýete gaz bergisini tölänligini aýdýar


Belarus Orsýetiň gazprom kompaniýasyna bolan bergisiniň ählisini tölänligini we Moskwa Belarusyň üsti bilen Ýewropa akdyrýan gazy boýunça bergisini penşenbe gününe çenli tölemese, bu gazyň kesiljekdigini aýdyp, duýduruş berdi.

Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Uladimer Siýamaşka Minskiniň gaz boýunça bergisi bilen bagly Orsýete 187 million dollar tölenenligini belläp, eger Moskwa bu ýurduň üsti bilen Ýewropa akdyrýan gazynyň tranzit tölegi bilen bagly penşenbe güne çenli 260 million dollar bergisini tölemese, bu gazyň kesiljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller çarşenbe güni eden çykyşynda şol günden başlap Belarusa akdyrylýan gazyň 60% azaldyljakdygyny aýtdy.

“Belarusyň üsti bilen Ýewropa akdyrylýan gaz öňküsi ýaly dowam edýär. Rus gazyndan peýdalanýan ýewropaly müşderilerimiz haýsydyr problema bilen ýüzbe-ýüz däl” diýip, Alekseý Miller aýtdy.

Emma Litwanyň gaz kompaniýasy Belarusyň üsti bilen bu ýurda we Orsýetiň Kaliningrad regionyna akdyrylýan gazyň 30% azalanlygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG