Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň ýolbaşçysy Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy we Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, daşary işler ministri Raşit Meredow we parlamentiň ýolbaşçysy Akja Nurberdýewa bilen duşuşdy.

ÝHHG tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we asudalygy goldap çykyş etmegine Saudabaýew gowy baha berdi.

ÝHHG-niň beýanatynda ýolbaşçylaryň Gyrgyzystandaky ýagdaýlar, Owganystan boýunça alnyp barylýan işler, howpsuzlyk, sýyasy, harby, ykdysady we ekologiýa ugurlary hakda pikir alyşanlygy aýdylýar.

Saudabaýew bu duşuşykdan soňra eden çykyşynda Gazagystanyň Gyrgyzystana ýardam etmäge taýýardygyny belläp, Almatanyň bu ugurda halkara jemgýyetçiligi bilen bilelikde iş alyp barýanlygyny aýtdy.

Saudabaýew penşenbe güni Aşgabatda geçiriljek Hazar we Merkezi Aziýa regionynda ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanan konferensiýa gatnaşar.
XS
SM
MD
LG