Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

General MakKristal wezipesinden boşadyldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystandaky halkara güýçleriň serkerdesi Stanleý Makkristaly wezipesinden boşadýandygyny yglan etdi.

Munuň öň ýany general Rolling Stone žurnalynda çap edilen material bilen bagly düşündiriş üçin Kabuldan Waşingtona çagyrylypdy.

Žurnalda eden çykyşynda MakKristal amerikan resmileriniň, hususan-da wise-prezident Jo Baýdeniň adresine tankydy bellikler aýdypdy.

General bilen duşuşandan soň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Ýakynda çap edilen makalada eýelenen pozisiýa harby serkerdäniň özüni alyp baryş standartlaryna gabat gelmeýär. Şeýle pozisiýa biziň demokratik sistemamyzyň özenini düzýän prinsipi, ýaragly güýçlere graždan kontrollygy prinsipini ýoga çykarýar, Owganystanda goýlan maksatlara etmek üçin zerur bir komanda hökmünde bize bolan ynamy ýoga çykarýar”.

Owganystanda howpsuzlyga ýardam edýän halkara güýçlere täze komanduýuşiý edilip general Deýwid Petreus bellendi.
XS
SM
MD
LG