Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň dört harbysy öldürildi


Düýn Owganystanda NATO güýçleriniň dört harbysy öldürildi. Olaryň biri britan esgeri.

Söweşijiler bilen atyşyklarda wepat bolan beýleki üç harbynyň haýsy ýurduň graždanydygy häzirlikçe habar berilmeýär.

Şu aý Owganystanda öldürilen daşary ýurt harbylarynyň sany 73-e ýetdi.

Geçen ýylyň awgust aýynda Owganystanda halkara güýçlerden 77 harby heläk bolupdy. Şondan soň iň köp pida çekilen aý şu ýylyň iýun aýy boldy.
XS
SM
MD
LG