Sepleriň elýeterliligi

Fransuz futbolçylarynyň ýekejesi-de gonorar almaz


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi futbol boýunça dünýä çempionatynda öz ýurdunyň ýygyndy komandasynyň örän erbet çykyşyndan soň fransuz futbol konsepsiýasyna doly ýaňadan seretmäge çagyrdy.

Ýygyndy komandanyň düzümindäki futbolçylaryň ýekejesiniň-de gonorar almajakdygyny Sarkozi nygtady.

Sarkozi milli futboldaky krizisi düýn hökümet başlygy Fransua Fiýon, sport ministrliginiň ýolbaşçylary bilen maslahat etdi.

Fransuz komandasy ýekeje utuk alyp, sekizden bir finala çykyp bilmedi.

Şol bir wagtda-da futbolçylar bilen trener Raýmon Domenekiň arasynda ýiti konflikt döredi.
XS
SM
MD
LG