Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Penşenbe güni Aşgabatda halkara konferensiýa açyldy


Şu gün Aşgabatda ýaragsyzlanmak boýunça Merkezi Aziýa we Hazar basseýni döwletleriniň halkara konferensiýasy açyldy. Ony BMG–niň howandarlygynda türkmen tarapy gurnady.

Konferensiýa gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Orsýetiň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Andreý Denisowy G.Berdimuhamedowyň kabul edendigini türkmen metbugaty habar berýär.

Orsýetli myhman: “Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen ähli inisiatiwalyryny Orsýet goldaýar” diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti öz gezeginde ýurduň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda Orsýet bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryň biri bolup galýandygyny aýtdy.

Orsýeli diplomat Türkmenistanyň prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi G.Berdimuhamedowy “Türkmenistanyň derman otlary” diýen kitabynyň ikinji tomunyň çykmagy bilen gutlady” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG