Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syrly duman bilen örtülen günä geçişlik


G.Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen soňky günä geçişligiň üsti şu wagta çenli-de syrly duman bilen örtülen. Ýogsa, bu günä geçişlik 28-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda, Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýany yglan edilipdi.

Türkmen metbugaty prezidentiň günä geçişlige düşenleriň mähriban ojaklaryna wagtynda dolanmagyna gözegçilik etmegi degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrandygyny habar beripdi.

Yglan edilenine ep-eslije wagt geçse-de, onuň ýerine ýetirilişi, amala aşyrylyşy, kimdir biriniň ojagyna dolanandygy barada hiç zat belli däl. Eger bu ugurdan bir zatlar edilenem bolsa, ol syrly dumanyň içinde.

Şol günä geçişlige haýsy kategoriýadaky adamlar düşdi, näçeräk adam azatlyga çykdy, öz ojagyna dolandy - bu barasynda düýbünden hiç hili maglumat ýok. Häzirlikçe ýeke adamyň-da azatlyga çykany belli däl.

Halkara synçylary bu meseleden uç çykaryp bilmeýärler. Türkmen wekillerinden sorap, bu meseläni anyklamak mümkin iş däl. Olaryň bir zatlar aýdyp biljek gümany ýok. Bu hiç ýerde aýtmaly däl diýlip, berk tabşyrylanlygy bilen bagly däl, olar iş ýüzünde bolup geçýän wakalardan habarly däl.

Munuň ýaly ýagdaý öňler Nyýazow döwründe-de bolmandy. Yglan edilen günä geçişlik Türkmenbaşynyň rehimdarlygy, sahawaty, ynsanperwerligi hökmünde köpçülikleýin habar serişdelerinde uly dabara bilen reklama edilýärdi.

Türkmenistanda yzygiderli yglan edilýän hem amala aşyrylýan bu aksiýalary günä geçişlik diýip atlandyrmagam kyn. “Türkmenistandaky günä geçişlik rehimdarlyk aksiýasyndan juda daşda” diýip, halkara metbugatynda ençeme gezek habar berlipdi.

Türmeleriň ýüküni ýeňlediş

Günä geçişlik ozaly bilen türmeleriň ýüküni ýeňletmek, ol ýerde oturanlaryň sanyny azaltmak üçin geçirilýän mejbury administratiw çäre bolsa gerek. Onuň yzygiderli geçirilmegi-de şübhe döredýär.

Türkmen türmeleleriniň tussaglardan agzy-burny bilen doldurylandygyny, kameralarda tussaglaryň sanynyň bolmalysyndan ençeme esse artykdygyny adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar köp gezek ýazdylar.

Elbetde, şeýle şertlerde tussaglaryň sanitariýa we gigiýena düzgünlerini berjaý etmeginiň mümkin däldigi düşnükli. Şoňa görä, türkmen türkmelerinde ölümiň derejesi-de ýokary. Hut şonuň üçin türmelerdäki tussaglaryň sanyny azaltmak, indiki geljeklere ýer boşatmak üçin günä geçişlik geçirip durmak zerurlygy ýüze çykýar.

Ýeňil jenaýat bilen tussag edilenleri her ýyl birnäçe gezek boşadyp, türkmen günä geçişligi türme sistemasynyň ýüküni ýeňledýär. Emma berk ornaşan hem gyşarnyksyz işläp duran bu düzgünde birdenkä bir näsazlyk ýüze çykdy. Oňki hereket togtady.

Bir adama bagly

Planlaşdyrylan günä geçişlik, türmeleriň ýüküni ýeňletmek işi hakykatda başa barmady. Beýle ýagdaý Stalin zamanynda-da, Nyýazow döwründe-de bolmandy. Ýurt häzir şeýle bir syrly dona bürendi welin, açyk yglan edilen çäre barada-da hiç hili habar syzanok.

Türkmen neşirleriniň žurnalistleri häkimiýetlere zerur soragy berip bilmeýärler. Eger beräýseler, işi bilen hoşlaşjagyny bilip durlar. Işiňi ýitirmek bilen aman galmagam bagtyň getirende bolýan ýagdaý. Ýöne gözüň türmede açylmagy-da mümkin. Türme barada sorag berip, ol ýere düşeniň ady indiki günä geçişliklerde asla görünmezligi-de bolup biljek zat. Günä geçişlik barada prezidentiň aýdanlaryndan sitata getireniňem haýry degmez.

Soňky bagtygara günä geçişlik bilen bagly häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda nämeler bolup geçdikä? Ýokarda kabul edilýän kararlaryň ählisiniň syrlylygy indi mistiki häsiýete eýe bolup barýar.

Şunuň ýaly ýapyklyk, tümlük, maglumat gahatçylygy şertlerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar syýasatyny” häkimiýetleriň iş ýüzünde nähili amala aşyrjagyny göz öňüne getirip bilýän bir barmyka? Bu işiň amala aşmagy, dogrusy, häzirlikçe diňe ýeke-täk bir adama bagly bolup galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG