Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Iň köp tirýek Owganystanyň goňşularyna siňýär


Owganystanly daýhan göknaryň ekin meýdanynda, 17-nji aprel, 2009-njy ýyl.
Owganystanly daýhan göknaryň ekin meýdanynda, 17-nji aprel, 2009-njy ýyl.

Birleşen Milletler Guramasynyň neşe baradaky 2010-njy ýyla degişli hasabatynda dünýadäki tirýekdir geroiniň takmynan 90 prosentiniň Owganystanda öndürilýändigi aýdylýar.

Serhet goraýjylar owgan-türkmen serhedinde 650 kg tirýek ele geçirdiler, 23-nji oktýabr, 2007-nji ýyl.
Guramanyň neşä we jenaýatçylyga garşy iş alyp barýan edarasy tarapyndan düýn neşir edilen hasabatda neşäniň diňe bir önümçiligine däl, onuň nirelerde sarp edilýänligine hem üns berilýär.

Barlagdan mälim bolşy ýaly, tutuş dünýäde sarp edilýän tirýegiň 60 prosenti Owganystanyň goňşulary Eýranda, Pakistanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda sarp edilýär. Hytaýda geroin sarp edýänleriň sany Orsýetden ýokary bolsa-da, ilat sanyna görä hasaplanyňda geroiniň iň köp sarp edilýän ýeri Orsýet.

Tedd Leggett Birleşen Milletler Guramasynyň neşä we jenaýatçylyga garşy iş alyp barýan edarasynyň barlagçysy. Ol şeýle diýýär: “Tranzit ýurtlar köplenç kanunyň ýerine ýetirilişini doly üpjün edip bilmeýän ýurtlar. Merkezi Amerika, Günbatar Afrika ýaly Orta Aziýa-da kanun häkimligini ornaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Bu hem neşäniň ol ýere gelmegi, ýerleşdirilmgi ýaly erbet netijelere getirýär. Bu ýurtlarda kanunyň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da, neşe sarp edilýän etraplarda gowşak. Üns berilmeli regionlar şolar”.

Leggettiň aýtmagyna görä, Owgan neşesi üçin tranzit ýurdy bolmak neşäniň ýokary derejede sarp edijisi bolmagy aňladanok.

“Neşe problemalary köplenç ýerli problemalar. Ýöne bular halkara derejesinde özara baglanyşykly. Şol sebäpden hem ony öndürýänden başlap, sarp edýäne çenli bu baglanyşyga üns berilmeli. Neşe baradaky hasabatda görkezilişi ýaly, Balkan regionyndan ýylda 80 tonna töweregi geroin geçse-de, ol ýerde geroin sarp edýänleriň sany ýa neşe bilen baglanşykly jenaýatlaryň sany aşa ýokary däl. Merkezi Aziýa ýaly regionlarda bolsa, neşäniň iň köp sarp edilýän etraplary neşe gatnawy üçin ulanylýan ýollaryň geçýän ýerleri” diýip, Legget belleýär.

Täze neşe hasabatynda aýdylyşyna görä, tutuş dünýäde sarp edilýän tirýegiň 40 prosent çemesi Eýran yslam respublikasynda sarp edilýär. Ýöne bur ýerde geroin sarp edýänleriň sany ol diýen ýokary däl.

Geroin bazarlary


Dünýäde öndürilýän geroiniň deň ýarysyna golaýynyň sarp edilýän ýeri hem Ýewropa bilen Orsýet. Bu ýerde bazaryň uly bölegi Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Germaniýanyň paýyna düşýär. Bu ýerlerde sarp edilýän geroin Owganystandan gelýär. Başga regionlaryň hem munda paýy barmy, ol belli däl.

Pakistanda gerion sarp edýänleriň sany 500 müň töweregi diýlip çaklanylýar. Owganystanda hem, raportda bellenişine görä, bularyň sany artyp, 2008-nji ýylda 50 müň töweregi bolan bolsa, 2009-njy ýylda 135 müňe barypdyr. San boýunça hasaplanyňda neşekeşleriň sany 2,2 million bolan Hytaý geroin sarp etmekde birinji orunda. Bu ýerde sarp edilýän neşäniň uly bölegi Mýanmadan gelýär. Ýöne owgan geroinini satýanlaryň hem Hytaýyň bikanun neşe bazaryna öten ýyl aýak basyp ugranlygy aýdyýlar.

Leggettiniň aýtmagyna görä, neşe bazary milli we halkara howpsuzlyk problemalary bilen berk baglanyşykly. Bu aýratyn-da, Owganystan we Pakistan babatda şeýle.

Leggetti öz pikirini şeýle mälim edýär: “Neşe önümçiligi nirede sosial durnuksyzlyk, köplenç hem pitne, gozgalaň bolsa, şol ýerde bolýar. Mysal üçin, dünýäde öndürilýän geroiniň uly böleginiň çykýan ýeri Owganystan. Bu bir tötänlik däl. Kokain öndürmekde birinji orny eýeleýänem Kolumbiýa. Bu ýurtlaryň ikisinde-de pitneçilik problemasy bar. Sebäbi bu ýerlerde hökümetiň kontrollyk edip bilmeýen ýa jedelli ýerler köp. Onsoň neşe şol ýerlerde öndürilýär”.
XS
SM
MD
LG