Sepleriň elýeterliligi

29-njy iýun Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni. Şol gün Berdimuhamedow 53 ýaşaýar. Bu sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, şu ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň doglan güni mynasybetli çärelerdir dabaralar ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyklary bilen utgaşdyrylyp geçirilýär.

20-nji iýundan 30-njy iýun aralygyny öz içine alýan baýramçylyklaryň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky, etraplardaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli dabaraly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Prezidentiň doglan gününe gabatlap, paýtagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň durky täzelenen binasynyň açylyşy, «Prezidentbank» döwlet täjirçilik bankynyň 12 gatly 72 öýli has oňaýly ýaşaýyş jaýynyň hem-de 3 gatly söwda dükanynyň açylyş dabarasy, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň 12 gatly 108 öýli has oňaýly ýaşaýyş jaýynyň hem-de 3 gatly söwda dükanynyň açylyş dabarasy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 12 gatly 48 öýli has oňaýly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy bolar.

29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde, ýurduň ähli ministrliklerinde hem-de pudak edaralarynda «Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlary Täze Galkynyş eýýamynyň ösüş binýadydyr» atly dabaraly maslahatlar geçiriler.

Şol gün Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Prezident muzeýinde «Prezidentim, halkyň saňa minnetdar» atly ylmy-amaly maslahat, «Watan» kinokonsert merkezinde «Şygyr kimin joşýar Arkadagymyň, gülleýän, gül-açýan, galkynýan ýurdy» atly döredijilik duşuşygy, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada bolsa «Waspyň dillerde dessan» atly baýramçylyk konserti geçiriler.

Taryh ýene gaýtalanýarmy?

Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowyň 65 ýyllyk ýubileýinde, 20-nji fewral, 2005-nji ýyl.
Ýurduň birinji adamsynyň doglan gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi Saparmyrat Nyýazowdan gözbaş alyp gaýdýar. 1993-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanda ilkinji gezek S.Nyýazowyň doglan güni döwlet derejesinde bellenilipdi. Şondan soň bu sene iň bir şanly seneleriň birine öwrüldi. Özi hem prezidentiň doglan gününiň baýramçylygynyň şowhuny ýyl geldigiçe artdyrylypdy. Nyýazowyň doglan gününe gabatlap bolsa täze-täze binalaryň açylyş dabaralary, baýramçylyk konsertleri, ylmy-amaly maslahatlar geçirilerdi.

Ýurduň prezidentligine saýlanan Berdimuhamedowyň döwlete baştutanlyk edýän döwrüniň ilkinji ýylynyň onuň 50 ýaş ýubileýine gabat gelmegi, täze prezidentiň hem kultuny galdyrmaga bahana boldy diýip, ýerli intelligensiýa wekilleri aýdýarlar.

Berdimuhamedowyň doglan güni Nyýazowyňky ýaly kalendara girenok. Ýöne şonda-da, onuň doglan güni bolan 29-njy iýun güni ýurtda dabaralara beslendirilýär.

2009-njy ýyldan ýurtda medeniýet we sungat işgärleriniň gününi bellemeklik karary kabul edilensoň, Berdimuhamedowyň doglan gününi on günläp dabaralandyrmaga esas boldy.

Ýörite düzülen meýilnama esasynda 20-nji iýundan 30-njy iýuna çenli ýurtda medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli dürli-dürli çäreler geçirilýär. Ýöne geçirilýän şol çärelerde hökmany suratda Berdimuhamedowyň doglan güni agzalyp geçilýär we medeniýetçileriň gününe bagyşlanan çäre öz-özünden prezidentiň doglan güni mynasybetli geçirilýän çärä öwrülip gidiberýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG