Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasy üýtgemez


ABŞ-nyň ýokary derejeli harby admiraly Maýk Mullen Barak Obamanyň Owganystandaky ýaranlyk güýçleriniň ýolbaşçysyny çalyşmak baradaky kararyny goldaýandygyny aýtdy.

Admiral öňde gaty köp işleriň bardygyny aýdyp, Obamanyň Owganystandaky strategiýasynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen hem amerikan generaly MakKristalyň wezipesinden çetleşdirilmeginiň Owganystanda ýöredilýän strategiýa täsirini ýetirmejekdigini aýtdy.

23-nji iýunda Brýusselde NATO-nyň baş edarasynda eden çykyşynda Fog Rasmussen general MakKristala NATO gulluk edip, Owganystandaky halkara güýçleriniň missiýasyny ýerine ýetirmek ugrunda eden tagallalary üçin sag bolsun aýtdy.

Fog Rasmussen generalyň goldan strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň dowam etdirjekdiklerini nygtady.

23-nji iýunda general MakKristal metbugatda eden çykyşlarynda amerikan resmileriniň adresine tankydy bellikler aýdandygy üçin wezipesinden boşadyldy. Onuň ornuna öň ABŞ-nyň Yrakdaky missiýasyna ýolbaşçylyk eden general Deýwid Petreus bellenildi.
XS
SM
MD
LG