Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 4 britan egeri heläk boldy


Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatlarynda Owganystanda bolan ýol heläkçiliginde özleriniň dört esgeriniň ölendigi aýdylýar.

Waka 23-nji iýunda Owganystanyň Helmend welaýatynda ýüze çykdy diýlip, bu baradaky maglumatda aýdylýar.

Geçen ýylyň awgust aýynda Owganystandaky halkara güýçlerden 77 harby heläk bolupdy. Şondan soň iň köp pida çekilen aý şu ýylyň iýun aýy bolup durýar.

Şu aýyň başyndan bäri Owganystandaky halkara güýçlerden 80-e golaý esgeriň heläk bolandygyny Associated Press habar berýär.
XS
SM
MD
LG