Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistda 5 amerikan raýaty terrorçylykda aýyplandy


Pakistanyň sudy 5 amerikan raýatyny terrorçylykda aýyplap, olary 10 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm etdi.

Tussag edilenleriň 5-si hem 20 ýaşlaryndaky musulman bolup, olar şu ýylyň dekabr aýynda Pakistana baran badynda tutuldy diýlip, maglumat berilýär.

Olaryň ikisi etniki pakistanly, biri Müsürden, ýene biri Ýemenden, bäşinjisi bolsa Eritreýadan diýlip, maglumatda aýdylýar.

Tussag edilenlere garşy Pakistanyň Sargoda şäherinde mart aýyndan bäri sud prossesiniň geçirilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG