Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Belarusa doly möçberde gaz akdyryp başlady


Belarus bergisini üzenden soň, Orsýet bu ýurda gaýdatan doly möçberde tebigy gaz akdyryp başlady.

Bu barada Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe Gazprom kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi.

Mundan öň Orsýetiň Gazprom kompaniýasy Belarusa akdyrýan gazynyň möçberini 60% azaldypdy.

Belarus Orsýete 187 million dollarlyk karzyny töländigini mälim etdi.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasy bolsa Belarusyň üsti bilen Ýewropa akýan rus gazynyň tranziti üçin 228 million dollar töländigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG