Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar, Günbatar we Türkmen ýaranjaňlygy


Ýaranjaňlyk hakda gürrüň gozgajak bolaňda ilki bilen türk ýazyjysy Eziz Nesiniň Gündogar hem Günbatar ýaranjaňlygy hakdaky hekaýasy ýadyňa düşýär.

Baý adamlardan iş hantama bolup, bir döwüm çörek gazanmak üçin ýaranjaňlyk etmek, belki, türkmenleriň arasynda-da ir döwürlerden bäri hem bolan bolmagy mümkin. Ýöne, umuman alanyňda, türkmenler gedem hem tekepbir millet hasaplanýar. Olar hut ajyndan öljegine gözi ýetse-de, kyn güne düşse-de, ýaranjaňlyk etmegi halamaýarlar. Özleriniň halamaýan kişilerine-hä asla-da boýun egmeýärler.

Ýewropa ýurtlarynyň käbirinde erkek kişi hormat üçin aýal maşgalanyň elini ogşaýar. Türkmenlerde aýal maşgalanyň elini ogşamak düzgüni ýok. Eger-de bir erkek kişi başga bir erkek kişiniň aýalynyň elini ogşaýsa, bu ýagdaý türkmen üçin ölüşmeli ýagdaý bolup durýar. Türkmenler beýle ýagdaýy namysa deglen, namysy basgylanan hökmünde kabul edýärler.

Türkmenlerde haýsydyr bir erkek kişiniň başga bir erkek kişiniň elini ogşamagy ýaly hadysalar hem gaty aýyp görülýän zatlaryň biri. Prezident Nyýazowyň döwründe Türkmenbaşydan iş almaga çalyşýan türk gurluşyk firmalarynyň, dokma fabrikleriniň ýolbaşçylarynyň prezidentiň elini ogşaýan pursatlarynyň mawy ekran arkaly hemmelere görkezilip ugralmasy türkmenleriň hem ençemesiniň basyrylgy ýatan ýaranjaňlyk geniniň oýanmagyna itergi boldy. Baýramçylyk günlerinde prezidente gül gowşurylýan pursatlarda ýaranjaňlyk geni oýananlar hem prezident Nyýazowyň elini ogşap, mawy ekranyň lentalarynda taryha siňdiler.

Ýaranjaňlyk keseli türkmen ýaranjaňlarynda her hili ýagdaýda ýüze çykdy. Ýaranjaň ýazyjy-şahyrlar prezident Nyýazowa öwgüden doly makalalary, goşgulary, kitaplary bagyşlap başladylar. Ýolbaşçy işgärler, ýaşulular döwlet derejesinde geçýän ýygnaklary Nyýazowy öwmek ýaryşyna öwürdiler. Nyýazowy pygambere, Hudaýa deňäp goşgy ýazanlar bu günki gün özleriniň öwgülerini başga kişä tarap gönükdirdiler.

Ýaranjaňlyk epidemiýasy

Epeý-epeý erkek kişiler ýedi epilip, başga bir erkegiň elini ogşap dursa, gaty gelşiksiz görünýän eken. Öňler daşary ýurt kinolarynda (aýratyn hem türk kinolarynda) beýle ýagdaýlara gaty bir ünsem bermändiris. Ýa-da özümiziň häli-şindi gabat gelip duran kişilerimizligi üçinmi-nämemi, Nyýazowyň elini ogşanlar ýolda-yzda sataşan çagy gaty ýakymsyz ýagdaýy başdan geçirýärsiň, misli, üstüňe bir hapa syçrap gelýän ýaly ýagdaýa düşýärsiň.

El ogşaýançylar, elbetde, öýlerindäki gelinleriniň, agtyklarynyň, ulugyzlarynyň, ogullarynyň ýanynda özleriniň bolup ýörüşlerinden utanýan däldirler-dä. Ýogsa namysyny goramak üçin gylyjyny gynyndan çykarmagy hiç zatça görmeýän türkmenleriň nesilleri üçin el ogşama hadysasy, ýaranjaňlyk etmek örän halanmaýan zat bolmaly.

Islendik keseliň adam organizmine zyýan salşy ýaly, ýurtda möwç alan ýaranjaňlyk keseli hem döwre, jemgyýete örän ýaramaz täsirini ýetirdi. Ýaranjaňlyk — döwrüň baş ideologiýasyna, baş ideýasyna öwrüldi. Ýaranjaňlyk etmedige ýurtda iş berilmeýär, wezipä eltilmeýär. Ýaranjaňlar başarjaň kadrlaryň ornuna geçdiler. Ýaranjaňlyk ideýasy gowy kadrlaryň soňuna çykdy. Ýurduň çökmegine getirdi.

Garaşsyzlygyň geçen ýigrimi ýylynyň içinde türkmen ýaranjaňlary ýaranjaňlyga gaty ökdelediler. Indi olar beýik türk ýazyjysy Eziz Nesiniň aýdyşy ýaly, Gündogar ýaranjaňlygyny-da başarýarlar, Günbatar ýaranjaňlygyny-da başarýarlar. Olar bu iki ýaranjaňlygyň üstüne üçünji bir ýaranjaňlygy — Türkmen ýaranjaňlygyny-da goşdular. Indi dünýede üç dürli ýaranjaňlyk bar—Gündogar ýaranjaňlygy, Günbatar ýaranjaňlygy, Türkmen ýaranjaňlygy!

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG