Sepleriň elýeterliligi

Futbol boýunça dünýä çempionaty dowam edýär


Günorta Afrikada dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Gollandiýa Kamerunyň ýygyndy komandasyny 2:1 hasabynda utdy.

Ýaponiýa Daniýadan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu iki topardan sekizden bir finala Gollandiýa hem Ýaponiýa çykdy.

Gollandiýanyň we Slowakiýanyň ýygyndy komandalary 28-nji iýunda oýnar.

29-njy iýunda Ýaponiýanyň hem Paragwaýyň komandalary duşuşar.

Şol tapgyrda bulardan başga-da Urugwaý Günorta Koreýa bilen, Argentina Meksika bilen oýnar.

Sekizden bir finalda oýnajak indiki iki komanda şu gün belli bolar.
XS
SM
MD
LG