Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada ysraýylly tansçylara hüjüm edildi


Germaniýada polisiýa ysraýylly tansça edilen hüjüm bilen bagly ýagdaýy derňeýär.

Gannower şäherinde açyk meýdanda çykyş edip duran tansçylary ýaşlaryň bir topary daşlady. Tansçylaryň biri aýagyndan ýaralandy, netijede artistleriň çykyşy ýatyryldy.

Polisiýanyň maglumatyna görä, waka immigrantlaryň ýaşaýan Salkamp kwartalynda bolupdyr.

Hüjüm edenleriň arasynda birnäçe musulmanam bar. Iki adam saklandy.

“Gannoweriň progressiw ýewreý obşinasy” topary Ysraýyla garşy meýilleriň artmagyndan howatyr edýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG