Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda yslamçy toparyň dört agzasy azatlykdan mahrum


Täjigistanda sud gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparyň dört agzasyny häkimiýeti agdarmaga synanyşyk üçin 18 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm etdi.

Dini ynançlar esasynda ýigrenji öjükdirmekde-de olara günä bildirilendigi habar berilýär.

Roýter agentliginiň maglumatyna görä, şu ýyl “Hizb ut-Tahririň” alyp barýan işine gatnaşany üçin dürli möhlet türme tussaglygyna 26 adam höküm edilipdir.

Beýleki ekstremistik toparlar bilen aragatnaşyk üçin basylanlaryň sany 50 adam gowrak.
XS
SM
MD
LG