Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otunbaýewa telewideniýe arkaly halka ýüzlendi


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň baştutany Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna özgerişler girizmek boýunça 27-nji iýuna bellenen referenduma gatnaşmaga ýurduň graždanlaryny çagyrdy.

“Bakyýewiň Konstitusiýasy öňki klan-mafiýa häkimiýeti dikeltmek howpuny abandyrýar” – diýip, Otunbaýewa düýn telewideniýe arkaly halka ýüzlenmesinde aýdy.

“Referendumyň çylşyrymly döwürde, dartgynly ýagdaýda geçjekdigine gowy düşünýäris. Garşylykly güýçler hakyky özgerişleri islemeýärler. Olar graždanlyk urşunyň oduny tutaşdyrmak islediler. Aýry-aýry güýçler ýene-de häkimiýet başyna gelmek üçin başga atlar bilen şu günki gün referendumy başa bardyrmazlyga synanyşýarlar, halky talamagy dowam etdirýärler” diýip, Otunbaýewa tiz wagtda ýurduň günortasynda ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin möhüm çäreler geçirmegi wada berdi.

Soňky maglumatlara görä, ýurduň günortasynda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan çaknyşyklarda 260 gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG