Sepleriň elýeterliligi

Baş prokuror wezipesinden boşadyldy


Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Çary Hojamyradow

Türkmenistanyň ozalky baş prokurory Çary Hojamyradow

Türkmenistanyň baş prokurory Çary Hojamyradow, saglyk ýagdaýy boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmanlygy sebäpli, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken karary bilen wezipesinden wagtlaýyn boşadyldy.

Türkmenistanyň baş prokurory wezipesini ýerine ýetirmeklik Türkmenistanyň baş prokurorynyň birinji orunbasary Amanmyrat Hallyýewiň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Çary Hojamyradowy saglyk ýagdaýy sebäpli gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmanlygy sebäpli, Türkmenistanyň baş prokurory wezipesinden wagtlaýyn boşatmak hakynda Türkmenistanyň prezidentiniň teklibi bilen ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 12-nji bölümine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Mejlis bilen ylalaşyp, Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar.

Ýurduň Baş kanunynyň 63-nji maddasynyň 7-nji bölümine laýyklykda Mejlis Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaýar.

Türkmenistanyň Prokuraturasy hakyndaky kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň baş prokurory şu ýagdaýlarda wezipesinden boşadylýar: öz möhletiniň tamamlanmagy, wezipe borçlaryna laýyk gelmeýän hereketleri amala aşyrmagy, saglyk ýagdaýy sebäpli gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy, başga wezipä geçmegi.

Prokuratura edaralarynyň döredilen güni

26-njy iýun—Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň döredilen güni. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi.

Özüniň gutlag hatynda ýurduň prezidenti Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik edýän prokuratura edaralaryna döwletiň garaşsyzlygyny berkitmekde, ýurtda hukuk tertibini we kanunçylygyny pugtalandyrmakda, adalatlylygy üpjün etmekde we demokratiýany dabaralandyrmakda möhüm orun degişlidir diýip aýdýar.

Türkmenistanyň prokuratura edaralary 1992-nji ýylyň 26-njy iýunynda döredildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG