Sepleriň elýeterliligi

BMG Gyrgyzystandaky ýagdaýdan howatyrlanýar


Esgerler Oşdaky saýlaw uçastogyndan aýrylýar, 25-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Esgerler Oşdaky saýlaw uçastogyndan aýrylýar, 25-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Gyrgyzystan ýurduň günorta regionlarynda turan etniki çaknyşyklardan soň girizilen adatdan daşary ýagdaýy ýatyrmaga taýýarlanyp ýörkä, Birleşen Milletler Guramasy regionda täze dartgynlylygyň döremeginden ätiýaç edýär.

Milli azlykdaky özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda iki hepde mundan ozal Oş we onuň töweregindäki etraplarda turan gandöküşikli çaknyşyklardan soň wagtlaýyn hökümet ol regionda adatdan daşry ýagdaýy yglan edip, belli sagatlarda köçelere çykmagy gadagan edipdi.

Aradan köp wagt geçmänkä Jelalabada we onuň töweregine syrygan gazaply hereketler ýüzlerçe adamynyň ölüp, 400 müň töweregi adamynyň-da öý-öwzaryny taşlap gaçyp gitmegine sebäp boldy. Pida çekenleriň köpüsi günorta Gyrgyzystanda ýaşýan özbekler.

Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa penşenbe güni 26-njy iýundan beýläk bu regionda adatdan daşary ýagdaýyň ýatyryljakdygyny aýtdy. Sebäbi ýekşenbe güni täze Konstitusiýa barada ýurtda referendum geçirilýär.

“Adatdan daşary ýagdaý yglan edilen ýerlerde 26-njy iýundan beýläk komendat sagady ýatyrylar. Şol bir wagtyň özünde-de şäherlerde hem obalarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin berk çäreler görler” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Referendum we täze Konstitusiýa

Täze Baş kanun prezidentiň ygtyýarlylygyny ep-esli çäklendirip, parlamenti güýçlendirer. Ol şeýle hem bir ýeke-täk syýasy partiýanyň parlamentde 50%-den ýokary orun eýelemeginiň öňüni alar.

Otunbaýewa: “Konstitusiýa bolmasa, ýurtda tertip-düzgüni ornatmak mümkin däl” diýip, adamlary referenduma gatnaşmaga çagyrdy.

Ýöne günorta regionlarda köp adamlar referenduma şübheli garaýar. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem howpsuzlyk ýagdaýyny delil edinip, referenduma gözegçilik üçin günorta welaýatlara adam ibermejekdigini bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň bir ýokary derejeli işgäri düýn, penşenbe güni, Oşda we Jelalabatda ýagdaý köşeşen hem bolsa, etniki dartgynlylygyň we ýene-de çaknyşyklaryň bolmagynyň ahmaldygy baradaky myş-myşlaryň bardygyny aýtdy.

Gyrgyzystandaky ýagdaý barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda pikir alşyldy.

ABŞ we Orsýetiň gün tertibinde

Gyrgyz krizisi Amerikan prezidenti Barak Obama bilen rus prezidenti Dmitriý Medewedewiň hem penşenbe günki duşuşygynda maslahatlaşylan temalaryň biri boldy. Medwedew ýurtda syýasy ýagdaýyň kontrollykan çykmagy mümkin diýip, özüniň alada edýändigini bildirdi.

“Biziň umydymyz – saýlawlaryň güýçli, häzirki problemalary çözmäge ukyply hökümetiň düzülmegini üpjün etmegi. Eger şeýle bolmasa, Gyrgyzystanyň pese düşüp, territorial taýdan bölünmegi mümkin. Biz bu şertlerde radikallar häkimiýet başyna geler diýip, iňkis edýäris. Eger şeýle bolaýsa, onda biz Gyrgyzystanda häzirki wagtda başga regionlarda çözmäge synanyşýan problemalarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Meniň aýtjak bolýanym – Owganystan” diýip, Medwedew öz ünjüsini beýan etdi.

Medwedew şeýle hem zerur bolan ýagdaýynda özüniň “Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň” başlygy hökmünde Gyrgyzystana parahatçylygy gorajak güýçleri ibermäge taýýardygyny bildirdi.

Asly Jelalabatdan bolan öňki prezident Kurmanbek Bakyýew aprel aýynda ýurtdan kowlaly bäri günorta Gyrgyzystanda ýagdaý dartgynly. Wagtlaýyn hökümet bu çaknyşyklaryň turmagynda Bakyýewiň tarapdarlaryny aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG