Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goride sowet diktatory Staliniň heýkel aýryldy


25-nji iýunda, gije, Gürjüstanyň Gori şäherinde 6 metrlik Staliniň heýkeli öňünden yglan edilmedik ýörite operasiýada näbelli ýere äkidildi diýlip, habar berilýär.

Gürji metbugatynda berlen maglumatda bu operasiýanyň geçişini wideo-ýazga düşürmäge synanşan käbir žurnalistleriň polisiýa tarapyndan urlup-ýenjilendigi aýdylýar.

Ýerli häkimiýetler Staliniň heýkeliniň muzeýde ýerleşdiriljekdigini, onuň öňki duran ýerine bolsa, 2008-nji ýyldaky rus-gürji çaknyşygynda wepat bolanlaryň hatyrasyna täze heýkeliň dikeldilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdiler.

Staliniň şahsyýet kultyny dabaralandyrýan heýkeller Gürjüstanda hem beýleki öňki sowet respublikalarynda onuň ölüminden soň 1953-nji ýylda ýok edilipdi.

Emma diktatoryň dogduk şäheriniň ýaşaýjylarynyň köpüsi öz meşhur obadaşlaryna häzir hem buýsanýarlar.
XS
SM
MD
LG