Sepleriň elýeterliligi

Georgios Papandreu: “Hüjümçiler üstün çykmazlar”


Gresiýanyň paýtagty Afinyda Graždanlary goraýyş ministrliginde bolan partlamada bir polisiýa işgäri heläk boldy.

Partlama penşenbe güni agşam ministriň kabinetinden birnäçe metrlikde boldy. Ministre zyýan etmedi.

Gresiýanyň premýer-ministri Georgios Papandreu bu wakany “terrorçylyk” diýip atlandyryp, ony ýazgardy.

"Hemme grekler bolup, biz bir agyzdan bu wakany ýazgarýarys. Häzir biziň gaty köp kynçylyklary başdan geçirýän döwrümizde asudalygy bozmak isleýän bu jenaýatçylar gizlenip, ýurduň durnuklylygyna, halkara derejesindäki abraýyna zeper ýetirmäge synanyşýarlar" diýip, Papandreu aýtdy.

"Emma olar bu işlerinde üstün çykyp bilmezler, sebäbi bütin jemgyýet olara garşy", diýip Gresiýanyň premýer-ministri sözüniň üstüne goşdy.

Bu wakanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG