Sepleriň elýeterliligi

Oş şäherinde 28 ýaşly zenan atylyp öldürildi


Gyrgyzystanyň Oş şäherinde 28 ýaşly zenan atylyp öldürildi.

Şäherde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigine garamazdan, mekdep mugallymy Meerim Pazylowa 24-nji iýunda agşam maşyn sürüp, köçä çykypdyr.

Polisiýa işgärleri özleriniň ony duruzmaga synanyşandyklaryny, emma muňa garamazdan, ýaş zenanyň maşyn sürmegini dowam etdirendigini, netijede onuň maşynyny oka tutmaga mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

Oş şäheriniň polisiýasy bu iş boýunça derňewiň geçirilýändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG