Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň saýlanan eserleriniň üçünji tomy çap edildi


Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat merkezi tarapyndan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserler ýygyndysynyň üçünji tomy çap edildi.

Bu saýlanan eserler ýygyndysynyň üçünji tomunda Berdimuhamedowyň çykyşlary, interwýulary, gutlaglary we ýüzlenmeleri jemlenen. Kitap türkmen hem rus dillerinde neşir edildi. Tiz wagtda bu kitabyň iňlis dilinde hem çap ediljekdigini türkmen mediasy habar berdi.

Prezidentiň doglan güni mynasybetli

Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli, ýagny 29-njy iýuna gabatlap, ýurtda her ýyl onuň eserleri neşir edilýär. «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň birinji we ikinji tomlary hem 2008-nji, 2009-njy ýyllarda 29-njy iýuna gabatlanyp çykarylypdy.

Prezidentiň kitaby çap bolansoň, ýurduň ähli edara-kärhanalarynda, mekdeplerdir çagalar baglarynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilip başlanýar.

Prezidentiň doglan gününe gabatlanyp çykarylan kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasynda 29-njy iýun güni barada aýratyn durlup geçilýär.

Berdimuhamedowyň ýaňy ýakynda çap bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ikinji tomunyň tanyşdyrylyş dabaralary eýýäm ýurduň ähli edara-kärhanalarynda geçirildi.

Ýazjylar gyrada

2007-njy ýyldan şu günki güne çenli Berdimuhamedowyň jemi dokuz sany kitaby çap boldy. Olar «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr», «Türkmenistan—sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» (1-2 tomlar), «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» (1-2-3 tomlar).

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat merkezi tarapyndan üç ýylyň dowamynda Berdimuhamedowyň diňe türkmen dilinde dokuz kitabynyň çap edendigine garamazdan, şol döwür içinde metbugat merkezi tarapyndan ýurduň ýazyjylarynyň kitaplary yzygiderli çap edilmeýär.

Soňky on ýylyň dowamynda metbugat merkezi tarapyndan türkmen ýazyjylarynyň barmak basyp sanaýmaly eserleri çap edildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG