Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Owganystanda 5 esgeriniň öldürilendigini aýdýar


Ýekşenbe güni NATO Talyban usully bomba hüjümlerinde 5 daşary ýurt esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

NATO-nyň Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri ol esgerleriň dört sany aýry-aýry hüjümlerde, elde ýasalan partladyjylar arkaly öldürilendigini aýtdy.

Bu hüjümler günorta hem gündogar Owganystanda boldy.

Bu ölüm habarlary şu aý Owganystanda öldürilen daşary ýurt esgerleriniň sanyny 89-a ýetirdi.

Bu 2001-nji ýylyň aýagynda uruş başlaly bäri iň köp ölümli aý boldy.
XS
SM
MD
LG