Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby serkerdesi Pakistana bardy


ABŞ-nyň harby serkerdesi bu regiona sapary mahalynda Pakistanyň prezidenti we ýokary derejeli harby ofiserler bilen howpsuzlyk gepleşiklerini geçirdi.

Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy admiral Maýk Mulleniň «Birleşen Ştatlaryň Pakistan bilen uzak möhletli strategiki hyzmatdaşlygy guramaga borçlanýandygyny gaýtadan tassyklandygyny» aýdýan beýanat ýaýratdy.

Mullen Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari, goşun serkerdesi, general Aşfak Parwez Kaýani, howa güýçleri serkerdesi Rao Kamar Suleýman bilen duşuşdy.

Mullen geçen hepde ABŞ-nyň Owganystandaky amerikan hem NATO güýçleriniň komandiri, general Stanliý MakKristalyň işden aýrylmagynyň Waşingtonyň uruş strategiýasyna täsir ýetirmejegini ynandyrmak üçin Owganystana we Pakistana sapar edýärdi.
XS
SM
MD
LG