Sepleriň elýeterliligi

Bosgunlaryň ählisiniň Gyrgyzystana dolanandygy aýdylýar


Gyrgyz häkimiýetleri şu aý bolan etniki zorluklar zerarly Gyrgyzystandan özbegistana gaçan müňlerçe bosgunyň ählisiniň öýlerine dolanandygyny aýdýar.

Gyrgyzystanyň serhet polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Çolponbek Turusbekow özbegistandaky gyrgyz bosgun lagerleriniň indi hemmesiniň ýapylandygyny aýtdy.

Çolponbek 75380 bosgunyň Gyrgyzystana dolanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de ol 380 çemesi bosgunyň şindi özbegistandadygyny, sebäbi olaryň şol ýerdäki hassahanalara ýerleşdirilendigini aýtdy.

Bu zorlukly wakalarda näçe adamyň öldürilendigi entek anyk däl. Resmi sanlara görä, 250-den gowrak adam öldürilen, ýöne gyrgyz häkimiýetleri ölenleriň sanynyň has kän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG