Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti halkyny baýram bilen gutlady


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyny we döredijilik adamlaryny Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady.

«Garaşsyz Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin uly iş alnyp barylýar» diýip prezidentiň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Şeýle-de prezident soňky döwürde ýurtda onlarça täze medeniýet öýüniň, kitaphanalaryň we sungat mekdepleriniň açylandygynyny, olaryň täze döwrebap binalarda ýerleşdirilip, öňdebaryjy tehnika bilen abzallaşdyrylandygyny aýdýar.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda ýurduň günbe-günden gülläp ösýän durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan belent sepgitleri wasp edýän onlarça aýdym-saz, kino, sahna eserleri, başga žanrlara degişli eserler döredilipdir.
XS
SM
MD
LG