Sepleriň elýeterliligi

Moskwada bankdan pul toplaýjylar öldürildi


Ýekşenbe güni irden Moskwada ýaragly adamlaryň maşynlaryna hüjüm etmegi netijesinde nagt pul toplaýjylaryň üçüsi atylyp öldürildi.

Sülçüler rus bankyna degişli maşynyň içine jemi on okuň atylyp, ol ýerdäki üç adamyň ählisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Moskwa derňew toparynyň başlygy Anatoliý Bagmet maşynyň içinden pully haltalaryň tapylandygyny, hüjümçileriň ol pullardan ogurlap ýetişip-ýetişmäniniň anyk däldigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG