Sepleriň elýeterliligi

Torontoda ýüzlerçe protestçi tussag edildi


Kanada häkimiýetleri dünýäniň iň güýçli ösen we ösýän ykdysadyýetli 20 döwletiniň liderleriniň sammitine garşy geçirilen zorlukly protestlere gatnaşan adamlaryň 400-den gowragynyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Torontoda şenbe güni geçirilen protest asuda demonstrasiýadan başlandy, ýöne ýüzi perdeli «anarhistler» esasy mähelleden bölünip, dükanlaryň aýnalaryny döwüp başlandan soň derrew zorluga öwrüldi.
XS
SM
MD
LG