Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň soňky 70-80 ýyllyk taryhynda kimdir birine ýadygärlik dikmek, yz ýany bolsa ony aýyrmak adaty kada öwrüldi diýsek ýalňyşmarys.

Ýönekeý ýa wagtlaýyn syýasy liderlerden başlap, hyzmaty dünýä derejesinde ykrar edilen Karl Marks, Fridrih Engels, W.I. Lenin ýaly tanymal syýasy liderlere goýlan ýadygärliklerem belli bir wagtda guruldy, soňra-da sökülip aýrtyldy. Olaryň oba-şäherlere dakylan atlary hem ýok edildi.

Bu kanuna laýyklykdan diktator prezident Saparmyrat Nyýazow hem halas bolup bilmedi. Häzirlikçe onuň iň belent ýadygärligi sökülýär.

Şol wagtyň özünde başgalara ýadygärlik dikmek işleri-de gaty gyzgalaňly barýar. Paýtagtdaky Garajaoglan seýilgähiniň hem Parahat medeni merkeziniň aralygynda ýüzlerçe adama ýadygärlik goýmak işiniň täzeden güýje girendigini diňleýjilerimiz ýazýarlar.

Ýadygärligi dikiljekleriň aglaba köpüsi XX asyrda ýaşan ylmy-edebi döredijilige degişli wekiller. Ondan soňky köplük şekillendiriş sungatyna hem aýdym-saz senedine degişli. Olaryň älisinde diýen ýaly hormatly at ýa-da orden-medal bar.

Birnäçesi bu ady sowetler zamanynda gazanan bolsa, beýlekileri Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýetini mahabatlandyryp alypdy. Häzir olardan 50 çemesiniň heýkeliniň taýýar edilendigini Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

Iň gowy ýadygärlik halkyň kalbynda

Eýsem näme üçin paýtagtyň merkezinde olara heýkel oturdylýar diýen tebigy sowal döreýär. Soňky 20 ýylda olaryň köpüsiniň eserleriniň çykmaýandygy üçinmi? Hudožnokleriň işleriniň sergisiniň guralmaýandygy sebäplimi? Olara garşy berk gadagançylyk bar wagtynda ýadygärliklerini dikmek nämä gerekdi?

Beýleki bir tarapdan, meselem, Atly Gralyýewiň bar bolan ýadygärligini golaýda ýykdylar. Indi oňa ýene ýadygärlik dikmelimi? Yadygärlikden öňürti olara azatlyk berilse gowy bolmazmydy?

Ýadygärlige sarp ediljek serişdelere olaryň eserleri halka ýetirilse, nähili oňat bolardy. Sebäbi Kerim Gurbannepes aýtmyşlaýyn, ýeriň aşagynda-da daş az däl, iň gowy ýadygärlik bolsa halkyň kalbynda. Halk Magtymgulyny, “Göroglyny” öz kalbynda daşsyz ýaşadyp gelipdir ahyryn.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG