Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň prezidenti Başar-al-Asad Kuba bardy


Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar-al-Asad Kubanyň prezidenti Raul Kastro bilen duşuşmak üçin Gawana bardy.

Başar-al-Asad bu saparynyň dowamynda şu gün Kubaly kärdeşi Kastro bilen hyzmatdaşlyk boýunça ençeme ylalaşyga gol goýar. Bu Asadyň Kuba edýän ilkinji saparydyr.

Mundan ozal Asadyň kakasy Hafez Al-Asad 1979-nji ýylda Gawana baryp, ol Kubanyň öňki prezidenti Fidel Kastro bilen duşuşypdy.

Asadyň Günorta Amerika edýän bu sapary penşenbe güni başlandy.

Ol Kubadan ozal Wenezuela bardy. Asadyň Kubadan soň Braziliýa we Argentina sapar etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG