Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew Eýranyň ýadro programmasyna alada bildirdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Eýranyň iki ýadro bombasyny ýasamaga ýeterlik uranynynyň bardygy baradaky maglumat boýunça alada bildirdi.

Medwedew bu barada sözlän sözünde, Eýranyň ýadro programmasynyň aç-açanlygynyň halkara jemgýyetçiligi tarapyndan ykrar edilmeýän häzirki pursatynda şeýle maglumatyň hasam alada döredijidigini belledi.

Mundan ozal ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Gullugynyň ýolbaşçysy Leon Panetta, eger baýlaşdyrmaga mümkinçiligi bolsa, Eýranyň iki ýadro bombasyny ýasamaga ýeterlik az baýlaşdyrylan uranynyň bardygyna özüniň ynanýanlygyny nygtapdy.

Orsýet Eýranyň ýakyn ýarany, emma soňky döwürde Medwedew Tähranyň ýadro programmasyny yzygiderli tankyt edip gelýär.

Günbatar tarapyndan şikaýat edilmegine garamazdan, Orsýet Eýranyň Buşehir etrabynda ýadro energiýasy merkezini gurmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Bu baradaky ylalaşyga 2008-nji ýylda gol goýlupdy.
XS
SM
MD
LG