Sepleriň elýeterliligi

Waşington Owgan strategiýasyna gaýtadan seredermi?


 Häzirki sorag MakKristalyň ýerine gelen general Deýwid Petreusyň ýagdaýa nähili baha berjekdigi.

Häzirki sorag MakKristalyň ýerine gelen general Deýwid Petreusyň ýagdaýa nähili baha berjekdigi.

ABŞ-nyň prezident Barak Obama öten hepde general Stanleý MakKristaly wezipesinden boşadanynda, harby ýolbaşçylar çalşyrylsa-da, Owganystanda alnyp barylýan strategiýada hiç bir üýtgeme bolmajakdygyny mälim etdi.

Uruş dowam edýärkä ýokary derejeli generallaryň çalşyrylmagy, olaryň söweş meýdanyndaky işleri bilen ilteşigi bolmasa-da, urşuň gidişine degişli dürli soraglary döredýär.

Owganystanda ýagdaý öwerlik däl. Onsoň täze bir harby ýolbaşçynyň işe bellenmeginiň dürli çaklamalara ýol açjakdygy öz-özünden düşnükli zat.

“The New York Times” gazetiniň öten hepdede ýazmagyna görä, Waşingtonyň urşa çemeleşişi barada täzeden öýlanmaly diýýänler ýok däl. Ýokary derejeli resmileriň biri özara gürrüňde: “Problemalar dowam eden ýagdaýynda häzirki strategiýany üýtgetmlei däl diýýänler bilen Kandagary howpsuzlandyrmak pursatyny elden berdik. Şol sebäpden indi “B” planyna geçmeli diýýänleriň arasynda çekişme güýjär” diýipdir.

“B” planynda talyplaryň esasy güýçleri bilen Kabulyň arasynda barlyşyk baradaky tagallalary güýçlendirmek, şeýle hem amerikan esgerlerini ýurtdan çekmek barada bir anyk senäniň bellenmegi göz öňünde tutulýar.

Marjah hüjümi

General Mak Kristal Kabuldaky metbugat konferensiýasynda, 15-nji fewral, 2010-njy ýyl
Aslynda häzirki berk harby tutumy güýçli goldaýanlayň biri general MakKristalyň özüdi. Ýöne ol wezipeden boşadylmazdan öň, aýratyn-da Marjah hüjüminden soň, bu strategiýanyň üstünlik getirjekdigine şübhelenip ugrady.

Muny žurnalist Jean MakKenzie şeýle düşündirýär: “General MakKristalyň strategiýasy ep-esli wagt bäri tankyt astynda. Marjah hüjümini beýle ulaltmak uly ýalňyşlykdy. Giňişleýin wagyz edilip, onuň şowsuz bolup çykmagy, görnüp duran öňegidişlik ýokka, öňünden ýeňiş yglan edilmegi gaty uly ýalňyşlykdy”.

Häzirki sorag MakKristalyň ýerine gelen general Deýwid Petreusyň ýagdaýa nähili baha berjekdigi. MakKenzieniň aýtmagyna görä, ol talyplara agyr zarba urulmagynyň tarapdary. Ýöne Marjah hüjüminden bäri beýle zarba mümkinçiligi köp däl. Onsoň “B” plany goldaw tapjaga meňzeýär.

Birleşen Ştatlaryň öňki Döwlet sekretary Genriý Kissinjer 24-nji iýunda “The Washington Post” gazetinde çykan baş makalasynda Owganystanda etniki regionlardan düzülen ýarym özbaşdak konfederasiýany maslahat berýär.

Nähili hem bolsa Amerikanyň Owganystandaky strategiýasy hakda täzeçe oýlanyşlaryň ählisi diýen ýaly bir direge daýanýar. Ol hem syýasat we diplomatiýa.

Bu pikirleniş talyplaryň esasy güýçleri bilen barlyşyk we regional goldawy öz içine alýar. Ýöne gepleşikler arkaly çözgüt ileri tutulsa-da, häkimiýeti bölüşmekligiň harby ýeňişden aňsat düşmejekdigi belle zat.

Pakistanyň roly

Mysal üçin, öten hepde regionda güýçli aktýorlaryň biri bolan Pakistanyň Kabulda öz ýaranyny ýerleşdirmek üçin gepleşikler arkaly çözgüde garaşýanlygy habar berildi. Aýdylyşyna görä, bu Al-Kaýdanyň ýakyn ýarany Sirajuddin Hakkanynyň topary.

Regional ekspert Ahmed Raşidiň aýtmagyna görä, Pakistan Owganystanyň gelejeginde öz paýynyň bolmagyny isleýär. Hakkanynyň topary hem Yslamabadyň wepaly ýarany.

“Meniň pikirimçe, Pakistanyň Hakkanynyň bir paý bolmagyny isleýändiginiň sebäbi onuň ýurduň aňtaw gulluklary we Pakistanyň goşuny bilen ýakyn gatnaşyk saklaýanlygy. Gelejekde Pakistanyň bähbitlerini goldamakda onuň talyplaryň esasy güýçlerinden has garaşly, has ynamdar bolmagy mümkin” diýip, Raşid aýdýar.

“The New York Times” gazeti Pakistanyň bir ýokary derejeli resmisiniň hususy gepleşikde Hakkanynyň toparynyň Al-Kaýda barada ylalaşmaga taýyndygyny aýdanyny habar berdi. Ýöne Raşid bu toparyň beýleki jyhadçylardan arany üzüp, konstruktiw ýarana öwrüljekdigine şübheli garaýar.
XS
SM
MD
LG