Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz wakalary kimlere bähbitli?


Etniki özbek gyrgyz-özbek çaknyşygynda heläk bolan adamyň jesedine seredýär, Oş, 13-nji iýun, 2010-njy ýyl
Etniki özbek gyrgyz-özbek çaknyşygynda heläk bolan adamyň jesedine seredýär, Oş, 13-nji iýun, 2010-njy ýyl

Gyrgyzystanda bolup geçýän syýasy wakalar häzir dünýäniň üns merkezinde. Bu wakalara hatda Rim papasy Benedikt XVI hem alada bildirýändigini öz resmi çykyşlarynyň birinde aýdyp geçdi.

Dünýäniň habar beriş serişdeleri bu bolup geçýän etniki toparlaryň arasyndaky konflikte dürli garaýyşlary berýär. Olaryň köpüsi bu dartgynly wakalaryň sakasynda Gyrgyzystanyň eks-prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň we onuň ýakyn hossarlarynyň elleriniň barlygyny güman edýärler. Emma şol wakalary etniki konflikte öwürmäge garaşyp oturan başga bir güýjüň barlygy baradaky ähtimallyga kän bir üns hem berilmän gelindi.

Bolup geçen çaknyşyklara gatnaşygynyň bardygy güman edilýän toparlar şol sebitde öňem birnäçe gezek şeýle konfliktleriň möwç almagynda uly rol oýnan dini radikal «Özbegistanyň yslam hereketi» we «Hizbut Tahrir al-Yslamy» (Yslam azat ediş partiýasy) atly guramalar.

Gyrgyzystandaky etniki özbekler kime ynanýar?

“Özbegistanyň yslam hereketiniň” Pakistandaky lageri
«Hizbut Tahrir al-Yslamy» guramasy baryp 1990-njy ýyllarda Oş welaýatynda etniki özbekleriň başynda durup, gyrgyz milletine garşy hem regiona gan çaýkamakda öz ýakalaryny tanadypdylar. «Özbegistanyň yslam hereketi» 1999-njy ýylda 1000-den gowrak adamly harby topary bilen Täjigistanyň demirgazygyndan Gyrgyzystana girip, ýerli hökümetiň harby goşuny bilen iki aýdan gowrak wagtlap ýaragly çaknyşyklary alyp barypdylar. Soňra, 2000-nji ýlyyň tomsunda, bu gurama ýene-de Gyrgyzystana girip, ýaragly konfliktiň turmagyny gazandy.

Häzirki gün Gyrgyzystanda dowam edýän syýasy gapma-garşylygyň etniki konflikte öwrülmegine «Özbegistanyň yslam hereketiniň» gatnaşygynyň bolup biljekdigi hakynda Gazagystanyň «Strartegiki barlag institutynyň» direktory Bulat Sultanow Almatyda ÝHHG-niň gatnaşmagynda geçiren konferensiýasynda çykyş etdi.

«Gyrgyzystandaky bolup geçýän etniki konflikte «Özbegistanyň yslam hereketiniň» aktiw gatnaşjagy aýdyňdyr. Gyrgyzystandaky etniki özbeklere 1990-njy ýyllarda bolup geçen Oş wakalary üçin ar almak çagyryşlary edilýär. Bu wakalarda «Özbegistanyň yslam hereketiniň» gatnaşygynyň bardygyny aradan aýryp bolmaz. Eger-de şu çagyryş kabul edilse, onda Gyrgyzystan döwletiniň dargamagy mümkindir» diýip, Bulat Sultanow aýtdy.

Şondan kän wagt geçmäňkä, 24-nji iýunda, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýolbaçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Keneşbek Duişenbaýew häkimiýetden çetleşdirilen Bakyýewiň ogly Maksimiň şu ýylyň aprel aýynda Dubaýda «Özbegistanyň yslam hereketiniň» wekilleri bilen duşuşyp, gepleşik geçirendigi baradaky maglumatlaryň özlerinde bardygyny aýtdy.

Megerem, bu çaknyşykalryň aňyrsyndaky niýet – parahat ilaty biri-biriniň garşysyna öjükdirmek, iki tarapyň hem adamalaryny üçünji tarapyň öldürmegi we şeýdibem olary ýiti gapma-garşylyga çekmek. Bu metod indi uzak ýyllaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýagdaýy bulaşyrmak üçin ulanylyp gelinýär.

Gyrgyzystanda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasyndaky konfliktiň radikal yslam toparlaryna näme bähbidi bar? Bu sowala jogap bermek üçin ilki bilen bu iki guramanyň öňe sürýän maksatlaryna syn edeliň.

Özbegistanda näme üçin radikal dini hereket döredi?

«Özbegistanyň yslam hereketiniň» lideri Tahyr Ýoldaşew
«Özbegistanyň yslam hereketi» (ÖYH) 1996-njy ýylda döredilýär. Onuň syýasy lideri Tahyr Ýoldaşew, harby toparynyň başlygy bolsa Juma Hojyýew bolýar. Guramanyň esasy maksatlarynyň biri – Fergana jülgesinde yslam döwletini, has takygy yslam halyfatyny döretmekden ybarat. Özbegistanda olaryň resmi ýagdaýda işläp bilmeýändikleri üçin ilki Täjigistana, soňra Owganystana emigrasiýa çykýarlar.

Başda belläp geçişimiz ýaly, olar Gyrgyzystanyň territoriýasyna birnäçe gezek girip, hökümet güýçlerine garşy ýaragly konfliktlere gatnaşýarlar. Guramanyň esasy ýerleşýän ýeri Owganystanyň Kandagar şäheri, ýagny «Talyplar» režiminiň paýtagty.

Dürli çeşmelere görä, Olar esasan talyplaryň kömegi bilen maddy we ruhy taýdan kuwwatlanyp, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň indi ençeme ýyllar bäri ýöredýän ýalňyş ykdysady syýasatyndan peýdalanyp, halkyň günsaýyn garyplaşýan toparyndan ýaşlary öz taraplaryna çekýärler. Bu meselede «Özbegistanyň yslam hereketine» «Al-Kaýda», «Hizbut Tahrir al-Yslamy», «Musulman doganlar» guramalary has aktiw kömek berýärler.

Şu ýyl «Talyplar» hereketi Owganystandaky Halkara harby güýçlere garşy öz harby garşylygyny güýçlendirmek üçin «Özbegistanyň yslam hereketini» peýdalanmagyny artdyrypdyr. Talyplar “Özbegistanyň yslam hereketine” Merkezi Aziýada, esasanam Gyrgyzystanda, halk tolgunyşyklaryny turuzmagy tabşyrypdyrlar diýen maglumatlar hem ýok däl. Bu guramanyň häzirki öňde durýan maksatlarynyň biri Merkezi Aziýadan Owganystanaky Halkara howpsuzlyk güýjçlerine iberilýän harby we gumanitar kömekleriň berilmezligini gazanmakdyr.

«Hizbut Tahrir al-Yslamy» (Yslam azat ediş partiýasy) sünnüleriň dini-syýasy guramasy 1953-nji ýylda Iýerusalimde ýerli kazy Takiuddin an-Nabhani tarapyndan döredilýär. Ol 1977-nji ýylda ýogalansoň, onuň wezipesi palestinaly Abdul Kadam Zalluma ynanylýar. 2003-nji ýyldan bäri gurama Ata Abu Raşta ýolbaşçylyk edip gelýär. Bu gurama özüni syýasy partiýa diýip yglan edensoň, olaryň esasy ideologiýalary yslam bolýar, ýagny musulman dünýasini köne yslam ýoluna salmakda durýar. Öňe sürülýän maksada ýetmek üçin hem, jyhat (güýç we uruş) yglan edilýär. Guramanyň asyl maksady bütewi teokratik dini döwleti gurmak. Olar öz ideologiýalarynda yslam dünýasiniň ykdysady we syýasy çökgünligi adamlaryň bisowatlygynda däl-de, yslam ýol-ýörelgesinden daşlaşmagy bilen düşündirýärler. Bu gurama indi ençeme ýyllar bäri öz köküni Merkezi Aziýada hem mäkäm ornaşdyrdy.

«Gyrgyzystanyň Oş welaýatynyň Karasuý raýonynda 300 müň adam ýaşaýan bolsa, şolaryň her altynjysy «Hizbut Tahrir al-Yslamy» guramasynyň tarapdary bolup durýar» diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Ýapyk ýurtda diňe radikal dini hereket ösüp biler

Soňky ýyllar Merkezi Aziýada dini-radikal toparlar ýuwaş-ýuwaşdan güýçlenip başlady. Olar her bir mümkinçilikden peýdalanmaga çalyşýarlar. Gyrgyzystandaky syýasy wakalaryň döremegini korrumpirlenen ýolbaşçylaryň uzak ýyllaryň dowamynda ýurdy dolandyrmagy bilen düşündirse bolar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň dolandyrşyň demokratik sistemasyny öz halkyna rowa görmän ýa-da onuň girizilmegi halk üçin ir diýip, wagt utjak bolmaklary sebitde dartgynlygyň döremegine sebäp bolýar. Garypçylyk we gedaýçylyk radikal yslam toparlarynyň hataryny doldurýar.

Şeýle tendensiýalar Merkezi Aziýanyň hemme döwletlerinde aýdyň görünýär. Esasanam ýapyk hasap edilýän Türkmenistanda şol belanyň has ýiti formalary indi aýdyň bildirýär. Ýurtda dini radikalizmiň döremegine we şeýle ideologiýany goldaýanlaryň ýolbaşçy pozisiýalara gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar az däl.

Dünýädäki islendik din ekstremistiki derejä baryp ýetse, jemgyýete gowulyk getirmeýär. Jemgyýetde dini radikalizme garşy derman näme? Ol derman ýurtda ykdysady we syýasy liberalizime ýol açmakdyr. Eger-de bu ugurlardan reformalar geçirilmese, onda geljekde jemgyýete dini fanatikleriň täsiri güýçlenip, halkyň başyna agyr synaglaryň, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerini dolandyrýan ýolbaşçylaryň çagalarynyň we olaryň nebereleriniň başyna iru-giç ýowuz jezalaryň inmegi ahmaldyr.

1996-nji ýylda Owganystany “Talyplar” režimi eýelänsoň, ýurduň öňki prezidenti Najibulla bilen onuň dogany Şahpur dar agjyndan asylyp, derileri sypyrylypdy. Bu elhençligi ýatdan çykarmak – barypýatan geleňsizlikdir. Wagt garaşmaýar, jenap prezidentler! Ýurduň ykbaly siziň eliňizde, halkyň depesinden basyp, ony uzak wagtlap saklabam, häkimiýetde galybam bolýan däldir.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG