Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň prezidenti Baş prokuraturany 18 ýyllygy bilen gutlady.

Ýaýradylan ýüzlenmede bu döwlet organynyň iň möhüm funksiýalarynyň diňe birinden beýlekisiniň ählisi diýen ýaly sanalyp geçilipdir. G.Berdimuhamedowyň pikiriçe, Baş prokuratura Türkmenistanda kanunyň hemme zatdan ýokarylygyny goraýan döwlet organy bolmaly.

Şu nukdaýnazardan seredilende baş prokuratura şu günki gün Nyýazowyň režiminiň döreden bikanunçylyklaryny aktiw düzedäýmeli ýaly. Üç ýyl gowrak mundan öň adyl sud sistemasy tutuşlygyna bir adamyň kütek erk-islegine doly tabyndy.

Köp sanly kanuny bozmalar esasynda repressiýa sezewar edilen adamlar şu günki günem gözenegiň aňyrsynda otyr. Elbetde, eger häzir Baş prokuratura hakykatdan-da kanunçylyk bilen meşgullansa, ol ozaly bilen öňki sudlaryň eden işlerini, çykaran hökümlerini seljermeli, analiz etmeli.

Nyýazowyň görkezmelerini, buýruklaryny ýerine ýetirmek bilen prokuraturanyň özüniňem kanunlary bozan bolmagy ähtimal. Faktlary gözläp, uzaga gitmäge zerurlyk ýok. Türkmenistanyň ilatynda gorky döreden bu edaranyň arhiwinde şol dokumentler saklanýar.

Baş prokuraturanyň kanunçylyga täzeçe çemeleşmesi geçen ýyllaryň bikanun sud hökümleriniň kanuna garşydygyny aňsatlyk bilen ýüze çykaryp bilerdi. Ýöne beýle wezipe prokurorlaryň öňünde goýulmady.

Ondanam başga häkimiýet hem onuň ideologiýa organlary Nyýazowyň režimine göni hem dogruçyl baha bermekden gaçýarlar. Ýöne şol baha bolmazdan, öňe tarap çynlakaý hereketem bolmaz, jemgyýeti arassalabam bolmaz.

Kadrlaryň ýagdaýy

Kadrlar bilen bagly ýene bir möhüm ýagdaý bar. Kadrlary täzelemek boýunça iş geçirilmedi, onuň sebäbi prokuraturanyň esasy güýçleri Nyýazow döwründe onuň islegine görä terbiýelendi, şol ruhda-da ösüp ýetişdi.

Bu edaranyň işgärleriniň arasynda ýokardan berlen görkezme esasynda bikanun işleri ýerine ýetirmäge mejbur edilen adamlaryň bar bolmagy ähtimal. Şol ýaramaz tejribeler G.Berdimuhamedowyň “Täze galkynyş zamanynda” demokratik özgerişler diýýänine ýardam etmese gerek.

Mundanam başga ýurduň ýolbaşçylygynda Nyýazowyň ýakyn töwereginde bolan, ýokardakylaryň bähbitlerinden ugur alyp, prokuratura köneçe ýolbaşçylyk etmäge höwesek adamlar bar.

Režim tarapyndan gowy okadylan öňki kadrlar “Döwlet adam üçindir” diýen şygary nähili okamalydygyny, oňa nähili düşünmelidigini gowy bilýärler. Iş ýüzünde şol adamyň kimdigi, onuň ady olara aýan.

Hut prezidentiň özünden çykýan berk merkezleşen häkimiýete tarap ugur hemişe kanunçylyk bilen garpyşar, şol darkaşda häkimiýet ýeňiji bolar. Beýleki döwlet ryçaglary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy şol ideologik düzgünlere hyzmat etmäge mejbur.

Şu sebäplerden Baş prokuraturanyň ýurduň durmuşyndaky roly “meniňki bolsun” diýerlik däl. Ýurduň beýleki güýç ulanyjy gurluşlary bilen bir hatarda ol režime hyzmat edýär. Netijede halkara reýtinglerinde Türkmenistana ýer togalagyndaky iň repressiw režimleriň biri hökmünde baha berilýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG