Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda täze Konstitutsiýa “tassyklandy”


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Konstitusiýanyň täze görnüşiniň tassyklanandygyny aýdýar. Bu barada ýekşenbe güni geçirilen referendum ýurtda bolan sýyasy we etnigara dartgynlygyň yzýanyna gabat geldi.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa ses berişlik tamamlanandan soň eden çykyşynda ses berijileriň ýurdy täze ýola salyp, öňki “awtoritar” düzgünden halas edenligini aýtdy.

“Biziň ilatymyz üçin bu bir taryhy gün. Bu tagallalara garşy çykýanlara garamazdan, biz ses berişligiň gowy geçendigine we Baş kanunyň täze görnüşiniň tassyklanandygyna ynanýarys. Ilatyň ýarsyndan gowragy bu çärä gatnaşdy. Diýmek, halk öňki iki prezidentiň maşgala agzalary tarapyndan dolandyrylan “awtoritar” sistema garşy ses berdi” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Gyrgyzystanyň saýlaw komissiýasy saýlaw punktlarynyň ýarysyndan gowragynyň netijesini yglan etdi. Häzirki netijelere görä, bu çarä gatnaşanlardan 90% töweregi kanuny özgerişikligi goldap çykyş etdi.

Saýlawlaryň doly netijesi iki günüň dowamynda yglan ediler. Bu çärä ses bermäge hukugy bolan adamlardan 70% töwereginiň gatnaşanlygy habar berildi. Esasy kanuny özgertmek baradaky bu teklip prezidentiň ygtyýarlyklaryny azaldyp, parlamenti güýçlendirýär.

Emma Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew parlament demokratiýasyny ýola goýmagyň howply boljakdygyny, hatda “döwletiň” dargamagyna ýol açmagynyň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG