Sepleriň elýeterliligi

Amerikan goşunlary bu golaýda Owganystandan çykmaz


Kanadada uly ýigrimligiň sammitiniň netijeleri boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama: “Köpler Amerikan goşunlarynyň Owganystandan çykaryljak wagtynyň yglan edilerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, ýöne yglan ederden heniz ir” – diýdi.

Obama şeýle-de Owganystany täze terroristik hüjümleri taýýarlamak üçin baza hökmünden ulanmaz ýaly uzak wagtyň dowamynda ABŞ-nyň Owganystana ýardam etjekdigini, munuň ABŞ-nyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG